Serdar Berdimuhamedow Hindistanyň Türkmenistanda täze bellenen ilçisini kabul etdi

Serdar Berdimuhamedow Hindistanyň Türkmenistanda täze bellenen ilçisini kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sişenbe güni Aşgabatda Hindistanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Madhumita Hazarika Bhagaty kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy hem-de Hindistanyň Prezidenti Draupadi Murmuwyň we Premýer-ministri Narendra Modiniň mähirli salamyny, ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Madhumita Hazarika Bhagaty jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa däp bolan döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça möhüm işinde üstünlikleri arzuw etdi. Türkmenistanyň Prezidenti Hindistanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan edip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň okgunly ösýändigini kanagatlanma bilen belledi.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen Hindistanyň söwda-ykdysady ulgamda, şol sanda ýangyç-energetika, ulag, oba hojalygy, dokma senagaty ýaly ugurlarda netijeli hyzmatdaşlyk edýändigi bellenildi. Şeýle hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilmeginiň ähmiýeti nygtaldy.

Bu taslamanyň amala aşyrylmagy gatnaşyjy ýurtlaryň ykdysady ösüşine, täze iş orunlarynyň döredilmegine, täze durmuş we önümçilik desgalarynyň gurluşygyna, iri daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge uly itergi berer.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Hindistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Madhumita Hazarika Bhagat türkmen-hindi hyzmatdaşlygynyň taraplaryň hoşniýetli erk-islegine daýanyp, mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine, täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Günorta Koreýanyň, Hindistanyň, Pakistanyň ýolbaşçylaryny gutlady
Hindistanda Tupan Sebäpli 5 Adam Ýogaldy
Hindistandaky tebigy apatlarda 5 adam ýogaldy
Bill Geýts emeli aňyň synjakdygyny çaklaýar
Hindistan ballistik raketa synagyny geçirdi
Rişi Sunagyň gaýyn enesi Hindistanyň Parlamentiniň ýokary palatasyna deputatlyga hödürlendi
Täze mazmuna eýe bolýan türkmen-hindi gatnaşyklary