24-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň we beýleki goşunlaryň Türkmenbaşy etrabynyň çäginde ýerleşýän deňiz okuw-türgenleşik merkezinde geçirilen bilelikdäki harby okuw-meýdan türgenleşiginiň barşyny synlady. Bu barada türkmen metbugaty habar berildi.
Bilelikdäki harby okuw-meýdan türgenleşigi, ýörite meýilnama laýyklykda, Ýaragly Güýçleriň we beýleki goşunlaryň şahsy düzüminiň harby hünär ussatlyklaryny has-da ýokarlandyrmak, Milli goşunyň söweşjeň taýýarlygyny barlamak maksady bilen, degişli harby düzümler söweşjeň taýýarlyga getirilip geçirildi.
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, ilki bilen, Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziliniň çäginde goýlan harby tehnikalary, harby söweşjeň uçarlary, dikuçarlary we goşun bölümlerinde üpjünçilik maksady bilen ulanylýan dürli görnüşdäki harby uçarlary, täze gelip gowşan häzirki zaman harby uçarlary synlady. Soňra bolsa dikuçarda howa menzilinden harby okuw-türgenleşigiň geçirilýän ýerine bardy.
Türgenleşikde uçarmansyz uçarlaryň howadaky uçuşlary we ot açyş urgulary hem-de goşunlaryň taktiki hereketleri TürkmenÄlem 52oE emeli aragatnaşyk hemrasynyň kömegi bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly ýörite ekranlarda görkezildi. Bu harby-okuw meýdan türgenleşigine Bayraktar TB2 kysymly söweşjeň uçarmansyz uçýan enjam ilkinji gezek gatnaşdyryldy.
Gözden geçirilişiň dowamynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň ygtyýaryndaky asmana atyjy raketa toplumynyň häzirki zaman görnüşleriniň biriniň mümkinçilikleri görkezildi. M-346 kysymly söweşjeň uçarlaryň ikisi okuw-türgenleşik meýdanynyň asman giňişliginde peýda bolup, ýörite taktiki uçuş tälimlerini ýerine ýetirmek bilen, garşydaşyň harby tehnikalaryny, uçarlaryny we dikuçarlaryny hatardan çykarmagyň, strategik maksatlaryny ýok etmegiň usullaryny görkezdiler.
Soňra Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby-deňiz güýçleriniň Hazar deňzinde parahatçylygy we howpsuzlygy ygtybarly goraýan Edermen we Gaýratly raketa gämileri hem-de beýleki gämi urgy toparlary deňiz giňişliginde harby okuw-meýdan türgenleşigini dowam etdiler.
Türgenleşik meýdanynyň çep tarapynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Türkmen edermen ýörite maksatly toparlary şäher şertlerinde binalary we desgalary zabt edip, bikanun ýaragly toparlary zyýansyzlandyrmak boýunça ýörite taktiki hereketleri amala aşyrdylar. Kämil derejede enjamlaşdyrylan Deňiz han korwet gämisi uly çuňlukda suwasty torpedasyny goýberdi hem-de ýüze çykarylan suwasty gämini aňladýan nyşanany urdy.
Milli howpsuzlyk we Içeri işler ministrlikleriniň Türkmen edermen ýörite maksatly toparlary deňizde girewine alnan gämini halas etmek boýunça ýörite hereketleri ýerine ýetirdiler.Içeri işler ministrliginiň Türkmen edermen ýörite maksatly topary dikuçarlarda gämini düzgün bozujylardan arassalamak boýunça ýörite hereketleri amala aşyrdylar.
Kesgitlenen wagtda harby we hukuk goraýjy edaralaryň Türkmen edermen ýörite maksatly toparlary dikuçardan 1500 metr beýiklikden bellenilen nokada paraşýutdan üstünlikli böküş geçirdiler.
Soňra Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow bilelikdäki harby okuw-meýdan türgenleşiginiň üstünlikli geçmegi mynasybetli guralan dabaraly ýörişi synlap, türgenleşigiň guralyşynyň ýokary derejesini belledi. Soňra bolsa deňiz okuw-türgenleşik merkeziniň çäginde görkezilen harby söweşjeň tehnikalaryň dürli görnüşlerini synlady. Şolaryň hatarynda iň täze nusgadaky uçarlar, uçarmansyz uçarlar we beýlekiler bar.
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow hemmelere Watan goragy ýaly mukaddes gulluklarynda üstünlik arzuw edip, bu ýerden ugrady we Balkan welaýatyna iş saparyny tamamlap, Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinden Aşgabada ugrady.