Şu gün Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi. TDH-niň habar bermegine görä, Prezident Serdar Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň mejlisindäki eden çykyşynda gurluşyk we senagat toplumynyň kämilleşdirilmegini nygtady.
Serdar Berdimuhamedowyň sözlerine görä, innowasion önümçilikleri döretmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli özgertmek boýunça gurluşyk we senagat toplumynda uly işler amala aşyrylýar, şeýle hem ýurduň şäherleriniň we obalarynyň özgerýän keşbi ykdysady ösüşimiziň aýdyň mysalydyr.
Biz gurluşyk senagatynyň kuwwatyny artdyrmak, bu ugurda hususy işewürligiň önümçilik binýadyny ösdürmek üçin zerur şertleri döredýäris diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow belledi.
Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, ýurtda magdan däl gurluşyk materiallaryny, sementi, keramziti, gurluşyk aýnasyny öndürmekde oňyn tejribe toplandy.
Şu ýylyň ahyryna çenli Türkmenbaşy — Farap we Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýollarynyň, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän köpriniň gurluşygynda 545 million 55 müň manatlyk düýpli maýa goýumlary özleşdiriler diýip, Serdar Berdimuhamedow aýtdy.
Serdar Berdimuhamedow bellemegine görä, Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat ösüşi boýunça guramasy (UNIDO) bilen hyzmatdaşlykda ýurtda senagatyň aýry-aýry ugurlaryny ösdürmeli.
Senagat marketingini, halkara bazarlaryna çykmagyň, bäsleşige ukyplylygy ýokarlandyrmagyň, dolandyryş tejribesini kämilleşdirmegiň ugurlaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň bilelikdäki taslamalaryny we maksatnamalaryny işläp taýýarlamaly diýip, Türkmenistanyň Prezidenti nygtady.