Serdar Berdimuhamedow Gresiýanyň Prezidentini ýurduň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Serdar Berdimuhamedow Gresiýanyň Prezidentini ýurduň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gresiýa Respublikasynyň Prezidenti hanym Katerina Sakellaropula we ýurduň halkyna Gresiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Türkmen döwletiniň Baştutany şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Katerina Sakellaropula berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Gresiýa Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş hem-de abadançylyk arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda Gresiýanyň täze ilçisi işe başlady
Salonikide metro açyldy
15-nji oktýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Türkmenistanyň Ilçisi Gresiýanyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy
Türkmen ilçisi Gresiýanyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy
Aşgabatda diplomatlaryň arasynda ýaýdan ok atmak bäsleşigi geçirildi
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplary teatr sahnasynda synag tabşyrdylar