Serdar Berdimuhamedow German bitewüliginiň güni bilen gutlady

Serdar Berdimuhamedow German bitewüliginiň güni bilen gutlady

Hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýere, Federal Kansleri Olaf Şolsa we ýurduň ähli halkyna German bitewüliginiň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

TDH-nyň habar berşi ýaly, Biz Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara uly üns berýäris. Ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlyk yzygiderli berkidilýär we ösdürilýär diýip, döwlet Baştutany hatynda belledi. Şeýle-de hormatly Prezident şu ýylyň 17-nji sentýabrynda Gazagystanda geçirilen Merkezi Aziýa — Germaniýa formatyndaky ýokary derejeli duşuşyklary ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny, gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, durmuş we beýleki ugurlardaky gatnaşyklaryň giňeldilmegi bilen bagly birnäçe meseleleriň jikme-jik ara alnyp maslahatlaşylandygyny belläp, özara gatnaşyklaryň halklaryň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Döwlet Baştutany pursatdan peýdalanyp, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýere hem-de Federal Kansleri Olaf Şolsa tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Germaniýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de rowaçlyk arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň täze ilçisini kabul etdi
Döwletara hyzmatdaşlyk üstünlikli ösdürilýär
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GERMANIÝA FEDERATIW RESPUBLIKASYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISINI KABUL ETDI
Germaniýanyň Prezidenti üç ministri işden boşatdy
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýanyň Prezidentine gynanç hatyny iberdi
Bundestag Şolsa ynam etmekden ýüz öwürdi