Serdar Berdimuhamedow dikuçarda Aşgabatda alnyp barylýan gurluşyklary synlady

Serdar Berdimuhamedow dikuçarda Aşgabatda alnyp barylýan gurluşyklary synlady

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow dikuçarda Aşgabat şäherini hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler, paýtagtyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilişi, onuň durmuş düzümini toplumlaýyn esasda döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen taslamalar bilen tanyşdy. Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň dikuçary irden ilki bilen S.A.Nyýazow adyndaky Bejeriş-maslahat beriş merkezine tarap ugur aldy. Döwlet Baştutany dikuçardan paýtagtda alnyp barylýan gurluşyk işlerini, şäheri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen özgertmeleriň amala aşyrylyşyny, ýurduň baş şäheriniň ekologiýa ýagdaýyny has-da gowulandyrmak boýunça ýerine ýetirilýän toplumlaýyn işleri synlady.

Döwlet Baştutany dikuçarda türkmen-özbek dostlugynyň nyşany hökmünde gurlan Daşkent seýilgähini, paýtagtyň günorta künjeginde gurulýan Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumyny, döwrebap saglygy goraýyş desgalarynyň — Halkara newrologiýa, endokrinologiýa hem-de hirurgiýa merkezleriniň ýanynda gurulmagy meýilleşdirilýän 160 orunlyk Halkara pediatriýa merkeziniň gurulmagy teklip edilýän çäklerini synlady. Şeýle-de Prezident Serdar Berdimuhamedow dikuçardan Magtymguly şaýolunyň ugrunda gurulýan häzirki zaman söwda merkeziniň gurluşyk işlerini we beýleki gurluşyklary synlady.

Soňra Prezident Serdar Berdimuhamedow şäheriň N.Andalyp köçesiniň we Arçabil şaýolunyň çatrygynda ýerleşýän köpriniň durkuny täzelemek we abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyş boldy. Bu ýerde wise-premýerler Ç.Purçekow hem-de N.Amannepesow şäherde gurulmagy meýilleşdirilýän täze binalaryň taslamalary bilen tanyşdyrdylar. Döwlet Baştutany olar bilen tanşyp, degişli tabşyryklary we görkezmeleri berdi.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda täze saglygy goraýyş desgalary gurlar
Aşgabatda täze ýaşaýyş jaý toplumlarynyň gurluşygyna girişiler
Aşgabatda täze seýilgäh gurlar
20-22-nji dekabrda ýurdumyzyň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlary
2022-nji ýylyň 2-9-njy ýanwar aralygynda ýurdumyzyň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlarynyň
TEATR JADYLY DÜNÝÄ