ürkmenistanyň öňki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýal dogany Gülnabat Dölwetowa ýurduň Gyzyl ýarymaý milli jemgyýetiniň başlygy wezipesinden boşadyldy. Azatlyk Radiosynyň çeşmesine görä, bir wagtlar täsirli bolan Döwletowa ýegeniniň - ýurduň häzirki döwlet baştutany Serdar Berdimuhamedowyň buýrugy bilen işden boşadylypdyr. Çeşme bu çäräni, täze prezidentiň garyndaşlarynyň zäherli abraýyndan dynmak arkaly öz abraýyny ýokarlandyrmak synanyşygy hökmünde düşündirýär.