Serdar Berdimuhamedow Daşoguzda iki sany hassahana açdy

Serdar Berdimuhamedow Daşoguzda iki sany hassahana açdy

27-nji maýda Daşoguza sapar eden Serdar Berdimuhamedow köpugurly hassahanany we rak keselleri keselhanany açdy diýip TDH döwlet täzelikler gullugy habar berýär.

Saglyk edaralarynda prezidenti aýdym-saz we tanslar bilen garşyladylar. Habarlara görä,hassahanalara Germaniýanyň, Fransiýanyň,Italiýanyň,Ýaponiýanyň, ABŞ-niň,Niderlandlaryň,Daniýanyň we Britaniýanyň enjamlara goýuldy. Olarda 1331 sany saglyk işgäri zähmet çeker we bularyň käbiri Rusýada hem Türkiýede tälim aldylar.

Prezident öz çykyşynda “keselhanalar uzak wagtlap halka hyzmat eder we adamlaryň ömrüni uzaldar” diýdi.

7 korpusdan we 32 bölümden ybarat köpugurly hassahanada kiçi Berdimuhamedowy ak ýektaýly çagalar garşyladylar.Ol birnäçe bölüme syn etdi, lukmanlar bilen gürleşdi we hassahana awtoulag sowgat etdi.

Rak keselleri hassahanada hem prezident bölümlere aýlandy, enjamlary synlady we hassahana awtoulag sowgat etdi.

Soňra hassahanalara halkara hil resminamalarynyň (lisensiýalarynyň) gowşurylandygyny TDH habar berýär.

Olary Germaniýanyň KTQ International GmbH guramasynyň menejeri Jozef Galert Staniaslaus, Gollandiýanyň Philips Medical Systems şirketiniň Moskwadaky bölüminiň baş ýolbaşçysy Andreý Padeýskiý gowşurdylar.

Gollandiýanyň Philips Medical Systems şirketiniň menejeri Olzaar Herman bolsa, ISO 9001 и ISO 14001 resminamasyny gowşurdy.

The post Serdar Berdimuhamedow Daşoguzda iki sany hassahana açdy first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Daşoguzda açylan köpugurly we onkologiýa hassahanalary halkara güwanamalaryna mynasyp boldy
Daşoguzda täze açylan hassahanalara halkara güwänamalar gowşuryldy
Arkadag şäherine 21 sany halkara sylag
Arkadag şäherinde 350 orunlyk döwrebap köpugurly hassahana açyldy
Saglygy goraýyş pudagynda 50 sany täze milliarder peýda boldy
Baýramaly şäherinde durky täzelenen we täzeden enjamlaşdyrylan hassahana açyldy