Serdar Berdimuhamedow bugdaýyň täze görnüşlerine at dakyp berdi

Serdar Berdimuhamedow bugdaýyň täze görnüşlerine at dakyp berdi

17-nji iýunda Mary welaýatyna toý saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Wekilbazar etrabynyň “Türkmenistan” daýhan birleşiginiň ekerançylyk meýdanynda Türkmen oba hojalyk institutynyň Oba hojalyk ylmy-önümçilik merkeziniň ylmy işgäri, alym B.Nowruzow bilen söhbetdeş boldy.

Alym merkezde köp ýyllaryň dowamynda degişli ugurlar boýunça ylmy barlaglaryň geçirilýändigini aýtdy.Mysal üçin, bugdaýyň dok däneli, kesele durnukly we ýokary hasylly täze görnüşleri döredildi.Alym-agronom şeýle hem bugdaýyň täze, gylçykly we gylçyksyz görnüşleriniň hasyllylyk derejesiniň her gektardan 55 — 60 sentnere barabardygyny, olaryň 200 — 210 günüň dowamynda ýetişýändigini aýtdy, Şunuň bilen baglylykda, B.Nowruzow Prezident Serdar Berdimuhamedowa bugdaýyň täze döredilen görnüşlerine at goýmak baradaky haýyş bilen ýüzlendi.

Arkadagly Serdarymyz bugdaýyň täze görnüşleriniň häzirki döwrüň ruhuny alamatlandyrýan “Berkarar” we “Galkynyş” diýlip atlandyrylsa, maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy hem-de alym-agronomlara alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etdi.Döwlet Baştutany bu ýerde ýurdumyzyň obasenagat toplumynda işleýän ylmy-barlag institutlarynyň, ylmy-önümçilik merkezleriniň işini kämilleşdirmek, bu ugra häzirki zamanyň ösen tejribesini, täzeçil tehnologiýalary ornaşdyrmak meseleleriniň zerurdygyna ünsi çekdi hem-de bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda bugdaýyň täze görnüşleri döredildi
Mary welaýatynda 345 müň tonna bugdaý hasyly ýygnalar
TÜRKMEN HALYSYNYŇ BAÝRAMY MYNASYBETLI B.NURALY ADYNDAKY ÇAGALAR ÇEPERÇILIK MEKDEBINDE GEÇIRILEN SERGI DABARASY
B.Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebinde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli sergi açyldy
Litwa Russiýanyň Baltika sebitinde ýadro ýaragynyň bardygyny habar berdi
Halkara zenanlar güni mynasybetli Mähribanlygyň we gözelligiň baýramy“ atly çagalaryň surat eserleriniň bäsleşigi