25-nji sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow “Bouygues” kompaniýalar toparynyň Baş direktory Marten Buigi kabul etdi. Hormatly Prezident baýramçylyk çärelerine gatnaşýandygy we hoşniýetli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň dürli pudaklarda ýöriteleşen öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyga hemişe açykdygyny belledi.
Döwlet Baştutany ynanyşmak we özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda ýola goýulýan üstünlikli hyzmatdaşlygyň netijesinde iri möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine “Bouygues” fransuz kompaniýasynyň uly goşandyny belledi. Şol maksatnamanyň çäklerinde Garaşsyzlyk ýyllarynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde tutuş ýurdumyz boýunça häzirki Türkmenistanyň hemişelik nyşanyna öwrülen önümçilik, durmuş-medeni maksatly möhüm desgalaryň onlarçasy bina edildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow “Bouygues” kompaniýasynyň durmuşa geçiren taslamalaryny ýokary hilli, üstüne alan borçnamalaryny öz wagtynda hem-de jogapkärçilikli ýerine ýetirýändigini nygtady.Işewür “Bouygues” kompaniýasynyň geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän ornuny has-da pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändigi tassyklanyldy.
Kompaniýa Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan bäri ýurdumyzda işläp gelýär.Marten Buig ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň, buýrujynyň ähli isleglerine laýyklykda, ynanylan taslamalary durmuşa geçirmek üçin mundan beýläk-de öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryna pugta eýerjekdigini belledi.
Hormatly Prezident toplanan oňyn tejribäniň, uzak möhletleýin netijeli hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, türkmen tarapynyň kompaniýanyň anyk tekliplerine garamaga taýýardygyny aýtdy.