Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň kömekçisini kabul etdi

Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň kömekçisini kabul etdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň kömekçisi hanym Ruwendrini Menikdiwelany kabul etdi. TDH-niň habar berşi ýaly, myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirdi hem-de Türkmenistanyň döwlet Baştutanyna BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň degişli güwänamasyny gowşurdy we bu üstünlik bilen tüýs ýürekden gutlady.

Resminamada müdirligiň Türkmenistanda raýatsyzlygy aradan aýyrmak işinde gazanan uly üstünliklerini ykrar edip, ýurtda hemmeler üçin raýatlyga bolan hukuklary goramak boýunça alnyp barylýan işlere ýokary baha berýändigi bellenilýär.

Hanym R.Menikdiwela pursatdan peýdalanyp, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň hem-de BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissary Filippo Grandiniň Türkmenistanyň Prezidentine mähirli salamyny ýetirdi. Şunda BMG-niň dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlary öňe sürýän Bitarap Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändigi nygtaldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de BMG-niň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Döwlet Baştutany Türkmenistanda raýatsyzlygy aradan aýyrmak boýunça gazanylan üstünlikleri tassyklaýan degişli güwänamanyň berilmeginiň we myhmanyň saparynyň dowamynda gatnaşjak Merkezi Aziýanyň ministrleriniň raýatsyzlyk meseleleri boýunça maslahatynyň Türkmenistan bilen BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmekde möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurtda bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuklaryny ýokary derejede üpjün etmek boýunça degişli işleriň yzygiderli alnyp barylýandygyny belläp, Türkmenistanda raýatsyzlygyň soňuna çykmak meselesine aýratyn ähmiýet berlip, bu ugurdaky kanunçylyk binýadynyň kämilleşdirilýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça 2019 — 2024-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň çäklerinde anyk işleriň amala aşyrylandygy bellenildi.

“Ata-babalarymyzyň adamkärçilik we ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alnyp, raýatlygy bolmadyk adamlar Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilýär we olara ýurdumyzda ýaşamak üçin ygtyýarnama berilýär” diýip, döwlet Baştutany aýtdy.Nygtalyşy ýaly, häzirki wagta çenli Türkmenistanda ýaşaýan we şol bir wagtyň özünde raýatlygy bolmadyk 32 müňden gowrak adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi, 5 müňden gowrak daşary ýurt raýatyna we raýatlygy bolmadyk adamlara Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama berildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň raýatlygy bolmadyk adamlaryň hem-de bosgunlaryň hukuklaryny goramakda alyp barýan işlerine ýokary baha berýändigini aýdyp, ýurduň BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň hemişelik agzalygyna Merkezi Aziýa sebitinde ilkinji saýlanan ýeke-täk döwlet bolup durýandygyny kanagatlanma bilen belledi.

Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuklaryny goramak babatda halkara borçnamalaryna ygrarlydygyny tassyklap, BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň kömekçisi hanym Ruwendrini Menikdiwela berk jan saglyk, işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

Hormatly Prezidentimize BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň degişli güwänamasy gowşuryldy
Türkmenistan BMG-niň ÝKM-niň raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça güwänamasyna eýe boldy
Türkmenistanyň Prezidenti bilen BMG-niň Baş sekretarynyň arasynda gepleşikler geçirildi
Guterriş Afrika ýurtlarynyň BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň hemişelik agzalary boljakdygyny aýtdy
Parahatçylyk boýunça Nobel baýragyna 286 dalaşgär hödürlendi
Türkmenistan we BMG köptaraply hyzmatdaşlygyň netijeliligini bellediler