Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretaryny doglan güni bilen gutlady

Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretaryny doglan güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe doglan güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutany BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişe tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we egsilmez gujur-gaýrat, alyp barýan işinde uly üstünlikleri gazanmagy arzuw etdi. Ýeri gelende bellesek, Antoniu Manuel de Oliweýra Guterriş 1949-njy ýylyň 30-njy aprelinde Portugaliýanyň Lissabon şäherinde doguldy.

Ol 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan bäri BMG-niň Baş sekretary wezipesini ýerine ýetirýär.Guterriş bu wezipä geçen ýylyň iýul aýynda ikinji möhlete saýlandy.

Ýene degişli makalalar

Kongonyň gündogarynda çaknyşyklar sebäpli ýanwar aýyndan bäri 7 müň adam öldi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
BMG-niň Baş sekretary BRIKS guramasyna gatnaşmak meýli barada habar berdi
Tatar Grekler Bilen Resmi Gepleşiklerden Çetde Durcakdyklaryny Beýan Etdi
Hakan Fidan Ahmed Abu Gaýt bilen duşuşyk geçirdi
Serdar Berdimuhamedow Antoniu Guterrişi BMG-niň güni bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Kazanda BMG-niň Baş sekretary bilen duşuşdy