Serdar Berdimuhamedow: Bitaraplyk Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm bölegi

Serdar Berdimuhamedow: Bitaraplyk  Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm bölegi

Gapma-garşylykly ýagdaýlaryň öňüni almak, olary döredýän sebäpleri aradan aýyrmak üçin Bitaraplygyň öňüni alyş diplomatiýasynyň gurallarynyň ulanylmagy Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm bölegidir. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow BRIKS+ “autriç” Sammitiniň dowamyndaky çykyşynda nygtady.

“Häzirki ýagdaýlarda Bitaraplygyň esasy ýörelgeleriniň örän zerurdygyna we dünýä jemgyýetçiliginiň goldamagynda ählumumy howpsuzlygy üpjün etmek işinde anyk peýda getirmäge ukyplydyklaryna ynanýarys” diýip, Serdar Berdimuhamedow aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti öz ýurdunyň halkara jemgyýetçiliginiň dünýäde hyzmatdaşlyk, özara hormat goýmak we birek-biregiň bähbitlerini nazara almak ýörelgelerini berkarar etmäge gönükdirilen tagallalaryna işjeň gatnaşýandygyny nygtady.

Serdar Berdimuhamedowyň aýtmagyna görä, Türkmenistan özüniň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny parahatçylyk döredijilik gün tertibini ilerletmek, ählumumy we sebit howpsuzlygyny üpjün etmek, döwletara gatnaşyklarynda deňhukukly dialog, ynanyşmak we açyklyk medeniýetini pugtalandyrmak üçin ulanýar.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň alyp barýan işine aýratyn ünsi çekdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak, we sebit durnuklylygyny berkitmek boýunça başlangyçlar ýaly BMG-niň çäklerinde Türkmenistanyň öňe süren teklipleri barada hem durup geçdi. 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan etmek baradaky başlangyjy BMG-niň Baş Assambleýasynyň biragyzdan goldamagy möhüm waka boldy.

Ekologiýa meselelerine, şol sanda Sirkulýar ykdysadyýete geçmegiň ählumumy çarçuwaly maksatnamasyny işläp taýýarlamak wezipelerine aýratyn üns çekildi.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň döwlet Baştutany Merkezi Aziýada tebigy landşaftlary, Hazar deňzinde bioköpdürlüligi gorap saklamagyň ähmiýetlidigini nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çykyşynynyň ahyrynda halkaryň arasynda özara düşünişmek gatnaşyklarynyň möhümdigini, medeniýet, ylym we ynsanperwer ulgamlarda geljekde hem hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny belledi.

Ýene degişli makalalar

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ BRIKS SAMMITINDÄKI ÇYKYŞY
Türkmenistanyň Prezidentiniň BRIKS Sammitindäki çykyşy
Kädiden taýýarlanýan içgiler
Prezident Erdogan TJG Anadoly gämisini Harby-deňiz güýçlerine gowşurmak dabarasyna gatnaşdy
Moskwanyň uly döwlet sirkiniň Aşgabatdaky döredijilik sapary tamamlandy
Masdar Türkmenistanda Gün fotoelektrik gurluşyň taslamasyny durmuşa geçirmäge girişer, Aşgabatda Täjigistanyň medeniýet günleri başlady, Türkmenistanda Sirk sungaty barada kanun güýje girdi