Serdar Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň Premýer-ministrine gynanç bildirdi

Serdar Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň Premýer-ministrine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Premýer-ministri hanym Liz Trassa Onuň Alyjenaby Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Şazenany Ýelizaweta II aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny iberdi.

Onuň Alyjenaby Şazenan Ýelizaweta II ömür ýoly, bitiren asylly işleri hem-de galdyran gymmatly mirasy häzirki we geljekki nesilleriň hakydasynda ebedi galar diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow gynanç hatynda belleýär.

Türkmen döwletiniň Baştutany şu agyr pursatda Onuň Alyjenaby Şazenan Ýelizaweta II maşgala agzalaryna, şeýle hem Birleşen Patyşalygyň ähli halkyna ýürekden duýgudaşlygyny we medet beriji sözlerini beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň Patyşasyna gynanç bildirdi
Prezident Serdar Berdimuhamedow Patyşa Karl III-ni resmi ýaş toýy bilen gutlady
Serdar Berdimuhamedow Karl III tagta geçmegi bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň Patyşasyna gynanç bildirdi
Serdar Berdimuhamedow Patyşa Karl III ejesi Ýelizaweta II aradan çykmagy zerarly çuňňur gynanç bildirdi
Serdar Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň Patyşasyna gynanç bildirdi