Serdar Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň Patyşasyna gynanç bildirdi

Serdar Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň Patyşasyna gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Onuň Alyjenaby, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl III Onuň Alyjenaby, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Şazenany Ýelizaweta II aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny iberdi. Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.

Onuň Alyjenaby, Şazenan Ýelizaweta II häzirki zaman taryhynda ähmiýetli işleri bilen dünýä syýasatynda we jemgyýetçilik durmuşynda öçmejek yz galdyran şahsyýet hökmünde tanalýar. Onuň Alyjenabynyň hökümdarlyk eden döwründe parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek üçin amala aşyran ägirt uly tagallalary ähli halklaryň hakydasynda ebedi galar diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow gynanç hatynda belleýär.

Türkmen döwletiniň Baştutany şu agyr pursatda onuň Alyjenaby Karl III we maşgala agzalaryna hem-de Birleşen Patyşalygyň ähli halkyna ýürekden duýgudaşlygyny bildirdi we medet beriji sözlerini beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň Patyşasyna gynanç bildirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň Patyşasyna gynanç bildirdi
Prezident Serdar Berdimuhamedow Patyşa Karl III-ni resmi ýaş toýy bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen gutlady
Serdar Berdimuhamedow Karl III tagta geçmegi bilen gutlady
Serdar Berdimuhamedow Patyşa Karl III ejesi Ýelizaweta II aradan çykmagy zerarly çuňňur gynanç bildirdi