Serdar Berdimuhamedow bergiler babatdaky borçnamalar we özara hasaplaşyklar meselelerine üns bermegi teklip etdi

Serdar Berdimuhamedow bergiler babatdaky borçnamalar we özara hasaplaşyklar meselelerine üns bermegi teklip etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Bişkekde geçirilýän GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň Sammitinde bergiler babatdaky borçnamalar we özara hasaplaşyklar meselelerine üns bermegi teklip etdi. Bu barada Türkmenistan: Altyn asyr saýtynda habar berildi.

Döwlet Baştutanynyň aýtmagyna görä, 2019-njy ýylda Aşgabatda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça işlenip taýýarlanylan Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň strategik ykdysady hyzmatdaşlygy hakyndaky Jarnama gol çekildi, soňra ol kabul edilen GDA-nyň ykdysady ösüşiniň 2030-njy ýyla çenli Strategiýasynyň esasyny düzdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen tarapynyň giň gerimli Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar düzümleýin geçelgeleri ösdürmek babatda energetika, ulag-kommunikasiýa ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça başyny başlan taslamalarynyň Arkalaşygyň döwletleri üçin wajypdygyna ynanýandygyny belledi.

Döwlet Baştutanynyň aýtmagyna görä, Hazar-Gara deňiz we Aziýa-Ýuwaş ummany sebitleriniň ulag gatnawlary, şeýle hem Aýlagyň we Ýakyn Gündogaryň ýurtlary bilen logistiki mümkinçilikleri artdyrmaga uly ähmiýet berilýär.

Ýene degişli makalalar

GARAŞSYZ DÖWLETLERIŇ ARKALAŞYGYNYŇ HÖKÜMET BAŞTUTANLARYNYŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISI
GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew Arkalaşygyň giňişliklerinde bilelikde işlemek taslamalarynda Türkmenistanyň orny barada
Serdar Berdimuhamedow bergiler babatdaky borçnamalar meselelerine üns bermegi teklip etdi
Türkmenistanyň Prezidentiniň GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Bişkekde geçen mejlisindäki çykyşy
7-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkmenistanyň Prezidenti bergiler babatdaky borçnamalar we özara hasaplaşyklar meselelerine üns bermegi teklip etdi