Prezident Serdar Berdimuhamedow Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko Belarus Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada Türkmenistan gazeti habar berýär.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň döwlet Baştutany gutlag hatynda iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň geljekde-de iki halkyň bähbidine yzygiderli ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Aleksandr Lukaşenko berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri, Belarus Respublikasynyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.
Belarus Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni Belarus döwletiniň esasy baýramy bolup, her ýyl 3-nji iýulynda Minskiň 1944-nji ýylda faşist basybalyjylaryndan azat edilmeginiň hormatyna bellenilip geçilýär.
1991-nji ýyldan bäri, Garaşsyzlyk güni 27-nji iýulda, ýagny 1990-njy ýylyň 27-nji iýulynda Belorus SSR-niň özygtyýarlylyk Jarnamasynyň kabul edilen gününde bellenilip geçilýär. Şeýle-de bolsa, soňra 3-nji iýulda Garaşsyzlyk gününi bellemek karary 1996-njy ýylda geçirilen Respublikan referendumynyň barşynda kabul edilýär.
Belarus Respublikasynda Garaşsyzlyk güni iş güni däl.