Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýana hem-de BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministri, goranmak ministri, Dubaýyň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktuma Birleşen Arap Emirlikleriniň milli baýramy — Döwletiň jar edilen güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada Türkmenistan gazetiniň şu günki sanynda habar berilýär.
Habarda beýan edilişi ýaly, türkmen döwletiniň Baştutany hatynda Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda ýola goýlan hem-de häzirki wagtda netijeli we durnukly häsiýete eýe bolan döwletara gatnaşyklara ýokary baha bermek bilen, onuň ähli ileri tutulýan ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi.
Döwlet Baştutany şu ýylyň noýabr aýynda bu gözel ýurda amala aşyran saparyny örän ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny nygtap, onuň dowamynda geçirilen gepleşikleriň, gol çekilen resminamalaryň uly toplumynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge we pugtalandyrmaga uly itergi berjekdigine berk ynam bildirdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýana hem-de wise-prezident, Premýer-ministr, goranmak ministri, Dubaýyň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktuma tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Birleşen Arap Emirlikleriniň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de gülläp ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.