Serdar Berdimuhamedow BAE-niň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Serdar Berdimuhamedow BAE-niň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasy, Birleşen Arap Emirlikleriniň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň orunbasary Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýana, Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministri, Dubaýyň häkimi Mohammed bin Raşid Al Maktuma, Birleşen Arap Emirlikleriniň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Prezidentiň işleri boýunça ministri Mansur bin Zaýed Al Nahaýýana Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Halifa bin Zaýed Al Nahaýýanyň biwagt aradan çykmagy zerarly gynanç hatlaryny iberdi.

TmCars.info-nyň habar berşi ýaly, Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Prezidenti Halifa ben Zaid Al Nahaýýan 73 ýaşynda aradan çykdy. Ýurtda matam yglan edildi. Beýanata görä, ol 40 gün dowam eder. Bu döwürde döwlet baýdaklary aşak düşüriler. Ähli ministrlikler, döwlet edaralary we hususy toplumyň kärhanalary üç günlük işini bes edýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti BAE-niň wise-prezidenti bilen gepleşik geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryny gutlady
Gahryman Arkadagymyz Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryny gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti BAE-niň ýolbaşçylaryny ýurduň Milli güni bilen gutlady
Gurbanguly Berdimuhamedow BAE-niň ýolbaşçylaryny ýurduň Milli güni bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti we Türkmen halkynyň Milli Lideri Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryny gutladylar