Serdar Berdimuhamedow Aşgabatda geçirilýän halkara maslahata gatnaşyjylara Gutlag iberdi

Serdar Berdimuhamedow Aşgabatda geçirilýän halkara maslahata gatnaşyjylara Gutlag iberdi

Ozal habar berşimiz ýaly, ertir — 3-nji maýda Aşgabatda, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň guramagynda Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023 atly II halkara maslahat we sergi öz işine başlaýar. Şu mynasybetli, Prezident Serdar Berdimuhamedow bu iki günlük halkara foruma gatnaşyjylara Gutlag iberdi.

Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.

— Hormatly adamlar!Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023 atly II halkara maslahatyň we serginiň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Bu çäräniň ýurdumyzyň köpugurly halkara ulag-üstaşyr we logistika düzümlerini kemala getirmek boýunça iri möçberli, milli we sebit ähmiýetli taslamalary amala aşyrmak başlangyçlaryny goldamaga, Aziýa we Ýewropa döwletleriniň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam etjekdigine berk ynanýaryn — diýip, döwlet Baştutany Gutlagynda belleýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ulag ulgamynda Türkmenistanyň öňe sürýän oňyn teklipleri dünýä jemgyýetçiliginde giňden goldaw tapýar.Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň 69-njy sessiýasynda eden teklipleri esasynda, 2014-nji ýylyň 19-njy dekabrynda Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny, 2015-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Durnukly köpugurly ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegine ýardam bermek maksady bilen ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üpjün edilmegi ugrunda atly Kararnamalar kabul edildi. Şeýle hem 2017-nji ýylyň 20-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 74-nji plenar mejlisinde Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi, 2021-nji ýylyň 29-njy iýulynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 96-njy plenar mejlisinde Koronawirus keseliniň (СOVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek atly Kararnamanyň kabul edilmegi ulag diplomatiýasyny durmuşa geçirmegiň hukuk esaslaryny has-da berkitdi.

— Ýurdumyzda demir ýol üpjünçilik ulgamlaryny yzygiderli kämilleşdirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Döwletimiz Hazar deňziniň üsti bilen halkara gatnawlara işjeň gatnaşyp, suw ýollary arkaly açyk deňze girip bilýär. Türkmenbaşy şäherinde Halkara deňiz portunyň gurulmagy milli deňiz flotuny giňeltmäge, ýükleriň möçberini, üstaşyr geçirilmegini artdyrmaga we daşary ýurt gämileri üçin hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga şertleri döretdi.

Ýurdumyzyň gündogar sebitini onuň merkezi bilen baglanyşdyrýan ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Türkmenbaşy awtobanyna birleşmegi goňşy Özbegistan Respublikasynyň ýük awtoulaglaryna Hazardaky Halkara deňiz portuna we şol ýerden deňiz ýoly arkaly Kawkaza, Ýewropa, Russiýanyň günorta sebitine, Eýranyň demirgazygyna, Pars hem-de Oman aýlagyna çykmaga mümkinçilik döreder.

Türkmenbaşy — Gazagystan awtomobil ýolunyň we Garabogaz kölüniň üstünden köpriniň gurluşygy iki ýurduň arasyndaky ulag we söwda hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, ýük dolanyşygyny ýokarlandyrmaga ýardam eder hem-de geljekde Türkmenistany, Eýrany, Yragy we Türkiýäni birleşdirjek Gündogar — Günbatar ulag geçelgesi işe giriziler.

Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman halkara ulag geçelgesi boýunça alnyp barylýan işleri has-da güýçlendirmek, Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa ulag geçelgesini döretmek meselesi hem sebitiň ähli döwletleriniň üns merkezinde durýar.

Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe (Lapis Lazuli) halkara ulag geçelgesini döretmek hakynda gol çekilen bäştaraplaýyn Ylalaşygyň durmuşa geçirilmegi sebitiň ulag ulgamyny täze derejä çykarmaga mümkinçilik berer — diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow Gutlagynda nygtaýar.

Ýene degişli makalalar

Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisine gatnaşyjylara
DEMIR ÝOLLARYŇ HYZMATDAŞLYGY GURAMASYNYŇ AGZA DÖWLETLERINIŇ DEMIR ÝOL ULAGLARY EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ WE JOGAPKÄR WEKILLERINIŇ MASLAHATYNYŇ XXXVIII MEJLISINE GATNAŞYJYLARA
Türkmenistanyň ulag syýasatynyň esasy ugurlary
Täze awtobanyň Lebap böleginde gurluşyk haýal barýar, 'işçileriň aýlyklary gijikdirilýär'
Türkmenistan bilen Azerbaýjan: Hytaý Ýewropa üçin üstaşyr ýola öwrüljek möhüm nokatlardyr
Ýük daşamagy düzgünleşdirmek maksady bilen, alynýan ýygymlar hem-de tölegler bellenildi