Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmen-amerikan işewürler geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty, General Electric Gas Power kompaniýasynyň Ýewropa, Ýakyn Gündogar we Afrika sebitlerinde gazturbina enjamlarynyň satuwy boýunça wise-prezidenti Bris Razany, John Deere kompaniýasynyň Merkezi Aziýada strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça prezidenti Çaba Leýkony, Nicklaus Companies kompaniýasynyň wise-prezidenti Jon Rizi, Smartmatic kompaniýasynyň esaslandyryjysy hem-de baş ýerine ýetiriji direktory Antonio Mugikany, Westport Trading Europe Limited kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Nikolaý Ýurçenkony hem-de UGT Renewables kompaniýasynyň amallar işi boýunça wise-prezidenti Dýuk Gimi kabul etdi.
Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, amerikan işewürleri türkmen döwletiniň Baştutanyna wagt tapyp kabul edendigi we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ABŞ-nyň işewürler toparlarynyň ägirt uly ykdysady kuwwata eýe bolan Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge çalyşýandyklaryny tassykladylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow myhmanlary mähirli mübärekläp, bilelikdäki Işewürler geňeşiniň ýolbaşçysynyň amerikan telekeçileriniň wekiliýetine baştutanlyk edip gelmegine Türkmenistanda ABŞ-nyň Işewürler toparlarynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge çalyşýandyklary hökmünde garalýandygyny belledi. Döwlet Baştutany Aşgabatda bolan mahalynda amerikaly hyzmatdaşlaryň türkmen kärdeşleri bilen duşuşmagy hem-de özara gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlary boýunça pikir alyşmaklary üçin oňat mümkinçiligiň boljakdygyna ynam bildirdi.
Duşuşygyň dowamynda türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň däp bolan dostlukly häsiýete eýedigi nygtaldy. Taraplaryň köpugurly netijeli hyzmatdaşlygy, şol sanda söwda, maýa goýum işi, işewürler toparlarynyň ugry boýunça gatnaşyklary işjeňleşdirmek babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklary tassyklanyldy. Şunda döredilenine 15 ýyl bolan Türkmen-amerikan işewürler geňeşiniň ähmiýetli orny aýratyn bellenildi.
Işewürler Prezident Serdar Berdimuhamedowa bildirýän ynamy hem-de çuň manyly söhbetdeşlik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ABŞ-nyň işewürler toparlarynyň geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän orunlaryny pugtalandyrmaga hem-de täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmaga çalyşýandyklaryny ýene bir gezek tassykladylar.