Serdar Berdimuhamedow Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komitetiniň Başlygy bilen duşuşdy

Serdar Berdimuhamedow Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komitetiniň Başlygy bilen duşuşdy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komitetiniň Başlygy Li Çžanşu bilen duşuşdy.

Hytaýyň Halk Ýygnaklar öýünde geçirilen duşuşygyň dowamynda strategiki häsiýete eýe bolan Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça dürli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Hytaý bilen dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge, kanun çykaryjy guramalaryň arasyndaky alyş-çalyşlary çuňlaşdyrmaga, Hytaý bilen hemmetaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlygy yzygiderli berkitmäge üns berýändigini belledi.

Sinhua hytaý habarlar gullugynyň habar bermegine görä, Li Çžanşu türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň soňky ýyllarda durnukly we çalt ösüşe eýe bolandygyny nygtady.

Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komitetiniň Başlygy parlamentara hyzmatdaşlygyny iki ýurduň dostlukly hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň möhüm düzüm bölegi hökmünde belläp, soňky ýyllarda Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagy bilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň arasynda dürli derejelerdäki yzygiderli gatnaşyklaryň ýola goýlandygyny aýtdy.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan Hytaýda geçiriljek Ýüpek ýoly halkara medeni sergisine hormatly myhman hökmünde gatnaşar
Birinji orna çykdy
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň Başlygy Si Szinpine gutlag hatyny iberdi
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
Serdar Berdimuhamedow Si Szinpini Hytaýyň Täze ýyly bilen gutlady
Ronaldu bilen Messi ýene-de duşuşdy