
Roma futbol klubynyň metbugat gullugy eýranly türkmen Serdar Azmunyň topara transferi baradaky pikirlerini paýlaşdy.
Roma goşulandygym üçin men juda bagtly. Roma ― dünýäniň iň abraýly klublarynyň biri. Onuň bir bölegi bolmak meniň üçin juda belent mertebe.
Şeýle hem Azmun: Romanyň düzüminde kubok gazanmak meniň üçin hyýal diýip, aýdanlarynyň üstüni ýetirdi.
28 ýaşly eýranly türkmen Romanyň janköýerleriniň goldawy barada aýtmagy hem ýatdan çykarmady:
Geçen ýyl Olympikoda oýnapdym. Karýeramda toparyny beýle goldaýan janköýerleri görmändim. Indi meýdana çykyp, janköýerlerimiz we öňde goýan maksatlarymyz üçin göreşmek isleýärin.