
Roma topary Italiýanyň A seriýasynyň 11-nji tapgyrynda Leççeni 2:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Rim klubyna ýeňiş getiren gollara türkmen asylly eýranly oýunçy Serdar Azmun hem-de belgiýaly Romelu Lukaku awtorlyk etdiler.
Oýundan soňra Azmun Romanyň metbugat gullugyna bu pursata köp wagt garaşandygyny gürrüň berdi:
Ýeri gelende bellesek, Baýere degişli bolan Serdar Azmun bu möwsümde kärendesine Romanyň düzüminde çykyş edýär. Transfermarkt portaly häzirki wagtda hüjümçini 12 million ýewro bahalaýar.