
Eýranly türkmen, hüjümçi Serdar Azmun Italiýanyň Roma toparyndaky ilkinji resmi duşuşygyny geçirdi.
Azmunyň topary Seriýa A-nyň 4-nji tapgyrynda Empolini kabul etdi. Duşuşyk rimlileriň 7:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.
Duşuşykdaky gollaryň ikisini Dibala, galanlaryny bolsa Sanşeş, Kristante, Lukaku, Mançini we Empoliniň ýarym goragçysy Alberto Grassi öz derwezesine geçirdi.
Azmun 84-nji minutda Romelu Lukakunyň ornuna oýna girdi. Ol 9 minut çemesi oýna gatnaşdy.
Roma Italiýanyň çempionatynda 4 utuk bilen 12-nji orunda barýar. Azmunyň Roma bilen 26-njy awgustda şertnama baglaşandygyny ýatladýarys.