Serdar Azmun kärendesine Sewilýa geçip biler

Serdar Azmun kärendesine Sewilýa geçip biler

Lewerkuzeniň Baýer toparynyň düzüminde çykyş edýän eýranly türkmen asylly hüjümçi Serdar Azmunyň öz karýerasyny Ispaniýada dowam etdirmegi mümkin. El Desmarque neşiriniň ýazmagyna görä, hüjümçi kärende esasynda Sewilýanyň düzümine goşulyp biler.

Serdar Azmun 2022-nji ýylyň ýanwarynda Zenitden Baýeriň düzümine geçipdi.Nemes topary üçin geçiren ilkinji möwsüminde Serdar Azmun 44 oýunda 5 gol urdy we 5 gezek golly pas berdi.

Hüjümçi geçen möwsümi kärende esasynda Italiýanyň Roma toparynda geçirip, ähli ýaryşlardaky 29 oýunda 3 gol urdy hem-de 4 gola assistentlik etdi.Serdar Azmunyň Baýer bilen gol çekişen şertnamasy 2027-nji ýylyň tomsuna çenli niýetlenendir.

Ýeri gelende bellesek, Serdar Azmun Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň hem-de Sankt-Peterburgdaky Türkmen medeniýetiniň Mekan jemgyýetiniň hormatly agzasy hasaplanýar.

Serdar Azmun soňky gezek 2024-nji ýylyň mart aýynda DÇ-2026-nyň saýlama tapgyrynyň çäklerinde Eýranyň milli ýygyndysynyň düzüminde Türkmenistana geldi. Serdaryň şikesi sebäpli oýnamadyk şol duşuşygynda Türkmenistan Eýrandan 1:0 hasabynda asgyn gelipdi.

Ýene degişli makalalar

Serdar Azmun Baýerden Roma geçdi
Serdar Azmun italýan klubuna transfer boldy
Azmun bilen Saud Arabystanynyň klublary gyzyklanýar
Serdar Azmun italýan klubuna transfer boldy
Türkmenhowaýollary Moskwa gatnawlaryny togtatdy, Lebapda 500-den gowrak ýaş mugallym işe başlar, Türkmenistan Galkynyş gaz känindäki mümkinçiliklerini artdyrýar we beýleki habarlar
Zenitiň Serdar Azmuny yzyna gaýdyp almagy mümkin