Serdar Azmun Eýranyň uly hasaply ýeňşine goşa gol bilen ýardam etdi

Serdar Azmun Eýranyň uly hasaply ýeňşine goşa gol bilen ýardam etdi

Eýranyň futbol boýunça milli ýygyndysy Dünýä çempionatynyň saýlama böleginiň dördünji tapgyrynda Kataryň ýygyndysyny kabul edip, 4:1 hasabynda ýeňdi. Ýeňiji toparyň düzüminde gollary Sardar Azmun (42-nji we 48-nji minutlar) hem-de Mohammad Mohebi (65-nji we 90+8-nji minutlar) geçirdiler Katar toparynyň ýeke-täk goluny Almoez Ali (17-nji minut) geçirdi.

Şeýle hem, şol gün geçirilen beýleki duşuşyklarda Özbegistanyň futbolçylary BAE-niň ýygyndysyny 1:0 hasabynda ýeňdiler, Gyrgyzystanyň ýygyndysy bolsa KHDR-i 1:0 hasabynda utdy.Eýran we Özbegistanyň ýygyndylary A toparçada 4 oýundan soň 10 utuk bilen öňdeligi saklaýarlar.

BAE we Katar 4 utuk bilen 3-nji we 4-nji orunlary paýlaşýarlar, Gyrgyzystan (3 utuk) we KHDR (2 utuk) olaryň yzyndan gelýärler.

Geljekki duşuşyklarda, Eýran 14-nji noýabrda KHDR bilen oýnar, Özbegistan Katara garşy çykyş eder, Gyrgyzystan bolsa BAE-niň ýygyndysy bilen duşuşar. 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionaty 11-nji iýundan 19-njy iýula çenli Meksikada, ABŞ-da we Kanadada geçiriler. Aziýanyň saýlama tapgyryndan final bölegine göni 6 ýygyndy ýollanma gazanar.

Ýene degişli makalalar

7-nji awgustda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Azmun 2 gol geçird, Eýran uly hasaply ýeňiş gazandy
Azmun Şabab Al-Ahlidäki ilkinji goluny geçirdi
3-nji iýunda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Serdar Azmun BAE-niň Şabab Al-Ahli toparyna geçdi
Türkmenistan Primorskiý kraý sebitinde suw joşgunyndan ejir çekenlere ynsanperwerlik kömegini iberdi, Astrahan Aşgabatdan kinematograflar toparyny arşy almaga taýýarlanýar we beýleki habarlar