
Eýranly türkmen asylly futolçy Serdar Azmun Baýerden BAE-niň Şabab Al-Ahli toparyna geçdi. Bu barada klubuň Metbugat gullugy habar berdi.
Transfer barada jikme-jik maglumatlar berilmedi, ýöne žurnalist Fabrisio Romanonyň habaryna görä, Baýer Azmunyň transferi üçin 5 million ýewro alar. Transfermarkt Azmunyň transfer bahasyny 8 million ýewro diýip hasaplaýar.
Ýeri gelende bellesek, Serdar Azmun geçen möwsümi kärende esasynda Romanyň düzüminde geçiripdi. Ol rim toparynyň düzüminde 3 gol geçirdi hem-de 3 gola assistentlik etdi.
Serdar Azmun Eýranyň milli ýygyndysy üçin 83 oýunda meýdança çykyp, 53 gol geçirdi.