Serdar Annaorazow: Altyn asyr Hindistana ýeňiş gazanmak üçin geldi

Serdar Annaorazow: Altyn asyr Hindistana ýeňiş gazanmak üçin geldi

Şu gün Hindistanyň Kalkutta şäherinde Aşgabadyň Altyn Asyr futbol toparynyň baş tälimçisi Ýazguly Hojageldiýew bilen tejribeli goragçy Serdar Annaorazow AFK-nyň Çempionlar ligasy 2-niň Ist Bengal topary bilen geçiriljek saýlama duşuşygynyň öňüsyrasynda geçirilen metbugat ýygnanyşygyna gatnaşdy. Bu barada Janköýer sport neşiri ýazýar.

Ýygnanyşykda ilkinji sowallar goragçy Serdar Annaorazowa gönükdirildi. Ol toparyň ýeňiş gazanmak üçin ähli mümkinçilikleriniň bardygyna aýratyn ünsi çekdi.

Oglanlarymyz duşuşyga taýýar. Hindistana ýeňiş gazanmak üçin geldik. Hemmämizde ýeňiş ruhy bar. Duşuşykda tälimçimiziň görkezmelerini dürs ýerine ýetirip, öňümizde goýan maksadymyza ýetip bileris diýip tama edýärin diýip, ol duşuşykdan garaşýan netijesi barada aýtdy.

Ist Bengal Altyn Asyr duşuşygy ertir 14-nji awgustda şu şäherdäki Salt Leýk stadionynda geçiriler. Duşuşygyň Aşgabat wagty bilen, takmynan, 18:30-da başlanmagyna garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

Daşkentde aklanylýan 'basmaçylar' Aşgabatda näme üçin ýatlanylmaýar?
Altyn asyryň altyn zehinleri atly bäsleşigiň döwlet tapgyry geçirildi
Türkmenistanda mekdep okuwçylarynyň iň gowy taslama işleri saýlanyldy
Ukrainada ýiten türkmen studentiniň garyndaşlaryna onuň ölendigi barada resmi habar berildi
Ukrainada ýiten türkmen studentiniň garyndaşlaryna onuň ölendigi barada resmi habar berildi
Ukraýinada dereksiz ýiten türkmen studentiniň ejesine oglunyň aradan çykandygy habar berildi