Serçeler näme üçin şäheri terk edýärler: guşlar we urbanizasiýa

Aşgabatlylaryň köpüsi, beýlki, şäherde serçeleriň has azalandygyna, hindi garasarynyň meýneleriň—tersine, has köpelendigine üns beren bolsa gerek.Hyýalyňa guşlaryň arasynda gazaply söweşler bolandyr diýen pikir gelýär...Serçelirimiz nirä gitdikä? - biz şeýle sowal bilen biologiýa ylymlarynyň doktory, professor Eldar RUSTAMOWA ýüz tutduk. -Alada galan aşgabatlylary köşeşdirmekçi diýip Rustam Anwerowiç jogap berýär.—Guş sürüleriniň arasynda hiç hili çaknyşyklar bolmady.

Serçelere näme boldy?diýip soralmagy nädogry.Baryp 1986-njy ýylda Leningrad şäherinde (häzirki Sankt-Peterburgda) geçirilen Bütinsoýuz ornitologiýa maslahatynda çalt depginlerde kemala gelýän urbanizasiýa sebäpli şäherlerde serçeleriň azalýandygy agzaldy, bu hem degerli ýagdaýlar bilen baglanşyklydyr.

Guşlaryň ýaşamagy üçin oňaýly şertleri diýilýän düşünje olara iýmiň elýeterliligini, höwürtge tutunmaga ýerleriň bolmagyny, amatly howa şertlerini, olary ynjalykdan gaçyrýan ýagdaýlaryň bolmazlygyny göz öňünde tutýar.Geçen asyryň 60-njy, 70-nji ýyllaryndan 80-nji ýyllarynyň ortasyna çenli meýdan serçeleri Aşgabatda iň kän ýaýran guşlardy, gyş aýlary bolsa şu guşlar maşgalasyndan garadöşlileri gelerdiler.

Serçeler sinatrop, ýagny adamlaryň golaýynda ýaşaýan guşlardyr.Adyna garamazdan, meýdan serçeleri Türkmenistanda obalarda we şäherlerde ýaşaýarlar. Şol döwürler Aşgabadyň nähilidigni ýada salyň. Şäheriň merkezinde üçegi şiferli pes gatly jaýlar bardy, olaryň gurluşy guşlara höwürtge edinmäge amatly şertlei döredýärdi, eteklerinde bolsa howluly bir gatly jaýlar saklanyp galypdy, bu bolsa guşlara iým tapmagy aňsatlaşdyrýardy, ýagny olaryň ýaşaýşy üçin amatlydy.

Aşgabadyň häzirki urbanizasiýa gurşawy, belent jaýlar, arhitektura landşaftynyň gurluş elementleri, pürli agaçlar, pyýada ýodalaryň we ýollaryň döwrebap düşegi, köp ulagly ýollar kiçijik guşlary ynjalykdan gaçyrýan ýagdaýlardyr.Serçeler barha azalýar.

Köpsanly meýdan serçeleri şäher guşlarynyň ikinji derejeli seýrek görnüşine dönüp barýar.Olaryň ornuna beýlekiler geldi.Soňky ýyllarda Aşgabatda öý serçeleri peýda boldy, olar Köpetdagyň eteginde mekan tutundylar.

Gyş aýlary ötegçi garadöş serçeler duş gelýär.Ol adamlaryň iýmit galyndylary bilen iýmitlenselerem, şäher eteginde höwürtge tutunanlaryny kem görmeýärler. -Kepderiler näme olaryň sanam ep-esli azaldy ahyry? -Köne aşgabatlylar, belki, geçen asyryň altmyşynjy ýyllaryna çenli kepderileri gowy görýänleriň saklandyggyny bilýän bolsalar gerek.

Munuň üçin belent ýerlerde kepderi ketekleri gurlardy.Sanly tehnologiýalar eýýamy şäher ilatynyň dynç alyş häsiýetine-de täsir etdi. 60-njy ýyllara çenli Aşgabatda ýabany kepderiler ýokdy, olar golaý ýerde Köpetdagda ýaşaýrdylar.

Köpgatly binalaryň gurluşygy bu guşlaryň ünsüni özüne çekdi, olar beýik jaýlaryň emeli daglardygyna çalt göz ýetirdiler-de, şähere ornaşdylar.Kepderiler bilen serçeleriň arasynda çaknyşyklar bolmady, olaryň hersiniň öz iýmiti bar, dynç alýan we höwürtgeleýän ýerlerem tapawutlanýar. Ýöne urbanizasiýa serçeleriň ýaşaýyş gurşawyna düýpli üýtgeşmeler girizdi, galyberse-de, hindi garasarlary bilen oňuşmadylar. -Göwnüme meýneler has gazaply ýaly, belki olaryň gelmegi bilen şäherde gargalaryň sany hem azalan ýaly... -Bu-da ýalňyş pikir. Çal gargalar şäherden gitmediler, olar seýilgählerde beýik sütünli daragtlarda höwürtge edinýärler, aýratynam glediçiýany halaýarlar, gyşda bolsa olara demirgazykda gelýän myhmalar gara gargalar goşulýarlar.

Eger-de guşlaryň düşünjesini ölçeýän görkeziji bolan bolsady, onda düşünjeliligi boýunça gargalar ýokary baha mynasyp bolardylar, olardan soň- meýneler. Şonuň üçinem olary gazaply hasaplaýarlar, bu düýbünden ýalňyş pikir.Hawa, olar ekologiýa çalt uýgunlaşýan guşlar bolsalaram, gazaply däldirler.

Täze ýerleri özleşdirmäge ukyby üçin ornitologlar olara resmi däl ýagdaýda ganatly alakalar diýýärler. 100 ýylyň dowamynda olar Hindistandan Pakistanyň we Owganystanyň üsti bilen Merkezi Aziýa ýurtlaryna gelip ýetdiler.Türkmenistanda bu guşlar ilkinji gezek 1912-nji ýylda Lebap welaýatynyň günortasynda hasaba alyndy.

Olar derýalaryň etekleri we jülgeler bilen gelip ýurdumyzyň dürli sebitlerinde ýerleşdiler, 1976-jy ýylda Aşgabatda peýda boldular, indi ýurdumyzyň günbataryna-da ýetdiler.Olar beýleki Merkezi Aziýa ýurtlarynyň obalaryna we şäherlerine-de, meselem, Daşkende we Almata we beýleki ýerlere-de baryp ýetdiler. -Garasar diýseň sar ketegi ýada düşýär.

Bir wagtlar okuwçylar olary agaçlara berkiderdiler.Sarlar ummasyz peýdaly hasaplanylýardy.Meýnelerem şeýlemi? -Elbetde! Ösümlikler bilen iýmitlenýän serçelerdir kepderilerden tapawutlylykda meýneleriň iýmeýän zady ýok.Olar miweler, tohumlar, esasan-da mör-möjekler bilen iýmitlenýärler.

Gözegçiliklere laýyklykda iki sany hindi meýnesi ýylda 150 müňe golaý çekirtge iýýär.Diýmek, öri meýdanlaryna we oba hojlayk ekinlerine howply köpsanly zyýan beriji bu jandarlar meýneleriň ýaşaýn ýerinde peýda boldugy, bu guş olaryň soňuna çykýar. Ýöne meýneler, meselelm, üzümlere we baglara hem zeper ýetirip bilerler.

Olaram serçeler ýaly adamlara ýakyn ýerlerde ýaşamagy halaýarlar, urbanizasiýa bu guşlara haýyrlydyr.Olar has-da çygly otluk meýdanlar köp bolan Aşgabatda ýaşamagy halaýarlar.Onsoňam şäheriň gijelerine-de ýagty bolmagy gije-gündiziň islendik çagy mör-möjekleri awlamaga mümkinçilik berýär.

Gyşyna meýneler haşal otlaryň tohumy, iýmit galyndylary bilen iýmitlenýärler.Olar höwürtge edinmek meselesinem gowy çözdüler.Tebigatda sarlar köplenç jarlardaky köweklerde, gaýalaryň deşiklerinde, gadymy harabalyklarda höwürtgeleýärdiler, olaryň bu tejribesi ýene gerek boldy.

Olar agaçlaryň köweklerinden, öýleriň üçeginiň aşagyndan başga-da, howa ýeledirijiler oturdylanda emele gelýän yşlarda we deşiklerde höwürtge edinýärler.Biziň maýyl howamyzdan peýdalanan meýneler üçin Aşgabat ýaşaýşa amatly ýere öwrüldi.

Sazlaşyksyz, şakyrdyly, sazandalaryň aýdyşy ýaly, kakafoniýa sesli meýneleriň serçelere päsgel berýän bolmagy mümkin, ýöne bu olaryň azalmagynyň esasy sebäbi däldir.Meýneleriňem, beýleki guşlaryňky ýaly ýagysy ýetik.Olardan iň howplusy, adatça etene guşjagazlary alýan pişiklerdir.

Gargalaram maý tapdygy olaryň höwürtgesini dargadýarlar.Meýneler köplük bolup goranýarlar-da, gargalary gorkuzyp, öz neslini goraýarlar.Duşmana sarpa ýagşy, olaryň endigini bileniň gowy diýen sözüň meýneler ikinji bölegine eýerýärler.

Olar gaýduwsyz häsiýeti bilen, edil pişikler ýaly mawlap, duşmanlaryny kyn güne salýarlar.Adatça, olaryň mäkisi möwsümde üç gezek, amatly şertlerde 5-6 gezek ýumurtgalaýar. -Hindi sarynyň çalt köpelmegi şäher ilatyny bimaza etmezmi? - Guşlar höwürtgesini gorap goh etse başga gürrüň, ýöne olar baglara we üzümliklere zyýan berip bilerler.

Olar bilen goňşuçylygyň zelelini azaltmak üçin bu guşlaryň ekologiýasyny we etiologiýasyny gowy bilmeli.Mysal üçin, Wenesiýada we Ýewropanyň beýleki şäherlerinde taryhy ýadygärlikleri we heýkelleri goramak üçin olar oturyp bilmez ýaly ujy naýzaly germewaçlary gurnaýarlar.

Munuň özi köne meseläni çözmegiň bir ýoludyr.Diýmek, bar zat adamyň guşlar we janly tebigat dünýäsiniň beýleki wekilleri bilen sazlaşykly ýaşamaga başarnygyna bagly!

Ýene degişli makalalar

Täze ada peýda boldy
Şäher merkezine girmek tölegli edildi
ÝUNESKO Wenesiýany ýitmek howpy abanýan obýektleriň sanawyna girizmäge çagyrdy
Wenesiýany ýitmek howpy abanýan desgalaryň sanawyna goşmakçy
80-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň ýapylyşynda görkeziljek film belli boldy
Dünýäniň reňkli myhmanhanalary