(Türkmen halk ertekisi)
Bir bar eken, bir ýok eken, serçe bilen syçan bar eken. Bularyň hersi bir ýurtda ýaşaýan ekenler. Bu ikisi görüşmezden, biri-biriniň adyny eşidip, dost bolupdyrlar. Soň bir gün bularyň ikisi hem ýurdundan çykyp, biri-birini görmäge ugraýarlar.
Serçe bir günde kyrk menzil ýol ýörese, syçan kyrk günde bir menzil ýol ýöreýär eken. Şonluk bilen kyrk birinji gün bular biri-birine duşýarlar. Ilki görşüp, saglyk-amanlyk soraşýarlar, soň syçanyň öýüne tarap ugraýarlar.
Ýolda baryşlaryna bularyň öňünden bir tomzak çykýar.
Bular ondan:
— Ýeri, Garahan, nireden gelip, nirä barýarsyň? — diýip soraýarlar.
Ol hem:
— Meniň dogry adymy tutuň, meniň adym Garahan däl. Kim maňa Garahan diýýän bolsa, göwni ýetmän aýdýandyr. Meniň adym Tomuzgan baý — diýýär.
— Bar, Tomuzgan baý bolsun, nireden gelýärsiň?
— Şu ýakyn ýerde biri toý edýär. Şoňa çagyrylypdym.
— Ýolda-yzda näme gördüň?
— Üýtgeşik bir gören zadym-a ýok. Ýöne ýaňy ýolda gelşime bir harmanyň başynda garga bilen geçiniň dawa edip duranlaryny eşitdim.
— Olar nämäniň üstünde dawalaşýarlar?
— Aý, bilmedim. Geçi: Men haýwanlaryň mollasy, şonuň üçin hem harmanda galan arpalar meniňki diýýär. Garga hem: Men ekilende-de, orlanda-da, döwlende-de ýanyndan aýrylmadym, şonuň üçin hem galak-gaçagy meniňki bolmaly diýýär…
Syçan ony eşidip:
— Dat, serçe dost, ýöräli, bize hem zat ýetmezmikä? — diýip, ylgap şol harmana tarap gidipdirler. Baryp görseler, janly-jemende ýokmuş.
Syçan ýoldaşyna garap:
— Serçe dost, sen maňa kömek et, ikimiz şu harmanyň başynda ammar gazaly. Şoňa gyş üçin azyk salyp goýaly, hem saňa, hem maňa bolar — diýip, duran ýerinden ammar gazmaga başlapdyr. Serçe oňa kömek etmekden boýun gaçyrypdyr.
Az salymdan syçan agzy dar, düýbi giň hin ýasapdyr. Soňra syçan harmandaky däneleri şol hine daşapdyr. Hiniň agzyny bolsa gömüp, gyşa taýýarlap goýupdyr.
Şonluk bilen aradan birnäçe gün geçipdir, aý geçipdir, ahyry gyş gelipdir. Syçan ammaryň agzyny açyp, içine girip, garnyny doýrup çykypdyr. Serçe girjek bolupdyr weli, ammara sygmandyr.
Soňra ol syçana garap:
— Syçan dost, men hem sygar ýaly, munuň agzyny biraz giňeltsene — diýipdir.
Syçan:
— Serçe dost, zähmetiň hemmesini diýen ýaly men çekdim, şonuň üçin rehnedini hem özüm göreýin. Sen bolsaň, men işlämde, ýöne ýanymda durupdyň, şonyňa hak bereýin — diýip, bir gysym arpany serçäniň öňüne sepipdir.
Serçe gahar edip, olary-da alman:
— Indi ikimiziň dostlugymyz şunuň bilen gutardy — diýip, syçandan öýkeläp gidipdir.
Serçe şol barşyna bir garaguşuň ýanyna baryp, oňa arz edipdir.
— Syçan kim bolupdyr, seniň hakyňy iýerçe, ýör, sen maňa onuň bolýan ýerini bir görkez — diýip, garaguş serçäni öňüne salyp gaýdypdyr. Şol wagt syçan hininiň daşyna çykyp, güneşläp oturan eken. Syçan garaguşy yzyna düşürip gelýän serçäni görüp, gözüniň gytagy bilen seredip oturypdyr.
Serçe şol gelşine yzyna gaňrylyp, garaguşa garap:
— Holha, syçan hininiň agzynda otyr, bildirmän üstüni basaýmasak, bolmasa bize aldyrmaz — diýipdir.
Garaguş güýjüne buýsanyp:
— Göreris, nähili aldyrmaýşyny. Sen şu taýda dur — diýip, syçana tarap okdurylypdyr.
Garaguş ýakyn gelende syçan hinine giripdir. Garaguş saklanyp bilmän, özüni bat bilen ýere urupdyr. Garaguşuň ýerde ýatanyny gören serçe öz ýoluna uçup gidiberipdir. Syçan bolsa öz zähmetini siňdirip ýygnan arpasyny arkaýyn özi iýmäge başlapdyr.
Ýaz kölege hoş, gyş çuwal boş. Zähmet soňy rehnet.