Serbiýanyň Prezidenti Wuçiç beýannama berdi

Serbiýanyň Prezidenti Wuçiç beýannama berdi

Serbiýanyň Prezidenti Aleksandr Wuçiç, halka ýüzlenip eden çykyşynda: "Kosowaly serbiýalylar mundan beýläk zuluma çydamlylyk görkezmez" diýip nygtady.

Kosowaly serbiýalylardan albanlara garşy hüjüm ýa-da öjükdirme bolmajakdygy barada söz alandygyny aýdan Wuçiç, şol ýagdaýyň albanlaryň edenlerinden garaşsyz ýagdaýda üýtgemejekdigini, emma serbiýalylaryň hem öz öýlerini gorajakdygyny beýan etdi.

Wuçiç: "Biz parahatçylygyň tarapdarydyrs, emma boýun hem egmejekdigimizi aýdýaryn" diýip belledi.

Serbiýanyň hiç wagt häzirki wagtdan has bulaşyk we kyn bir ýagdaýda bolmandygyny aýdan Wuçiç, resmi Priştinanyň bolsa hemişe özüni gurban edip görkezmäge synanyşýandygyny habar berdi.

Aleksandr Wuçiç Kosowadaky albanlaryň Premýer ministr Albin Kurti sebäpli meseleler başlaryndan geçirýändiklerini we Günbataryň Kosowada bolup biljek hiç bir çaknyşygy islemejekdigini beýan etdi.

Ýurdunyň çaknyşyklara sebäp bolan we çaknyşyk isleýän tarap bolmandygyny aýdan Wuçiç: "Serbiýa Slobodan Miloşewiç we Boris Tadiç zamanlarynda bolşy ýaly ýeňil ýagdaýda ýeňip boljak bir ýurt däl" diýip belledi.

Wuçiç ondan soň bolsa Serbiýanyň Baş Ştabynyň başlygy Milan Moýsilowiç we Kosowadaky NATO güýjüniň serkerdesi bilen ýurduň paýtagty Belgrad şäherinde duşuşyk geçirdi.

Duşuşyklardan soň ýene-de bir beýannama beren Wuçiç, Kosowa bilen öňümizdäki döwürde çözgüt ýoluny tapmagy umyt edýändiklerini belläp: "Gowy habarlar aljakdygymyzy we bu ýagdaýyň çözüljekdigini umyt edýäris" diýip belledi.

Aleksandr Wuçiç, öňdäki ençeme hepdäniň we aýyň kyn bir syýasy göreş bilen geçjekdigini aýdyp: "Özlerine gözegçilik edýänlere, esasan hem kosowaly serbiýalylara minnetdarlyk bildirýärin. Boýun egmejekdigimizi we Serbiýanyň üstün çykjakdygyny ýene-de bir gezek gaýtalap geçmek isleýärin" diýip nygtady.

Kosowada ýaşaýan serbiýalylar bilen birlikde her kimiň, şu günden başlap Kosowanyň şahsyýetnamasyna we ulag belgisine eýe bolmak mejburylygynyň ýola goýuljakdygy beýan edileninden soň, Kosowada ýaşaýan serbiýalylar käbir şäherleriň ýollaryny ýapdylar.

Kosowada sirenalaryň sesleri eşidildi, ýurduň Polisiýa gullugy bolsa ýarag sesleriniň eşidilendigini, emma hiç kimiň ýaralanmandygyny aýan etdi.

Kosowanyň hökümetinden berilen beýanatda Kosowanyň şahsyýetnamasyna we ulag belgisine eýe bolmak mejburylygynyň 1 aý yza süýşürilendigi mälim edildi.

Serbiýa 2008-nji ýylda birtaraplaýyn häsýetde Garaşsyzlygyny yglan eden Kosowanyň topraklaryny öz territoriýasy hökmünde garaýar.

Ýene degişli makalalar

Dünýä Kubogy 2026: Ýewropa zolagynyň saýlama toparçalarynyň bijeleri çekildi
UEFA Milletler Ligasynyň çärýek finalynyň bijeleri çekildi
UEFA Çempionlar Ligasynda 1-nji saýlama tapgyryň duşuşyklary tamamlandy
Borrel Gazadaky ýagdaý barada beýannama berdi
“Ferenswaroşyň” garaşylmadyk ýeňlişi we Çerçesow wezipesinden boşadyldy
Täze möwsümde Çempionlar Ligasyna gatnaşjak 32 klubuň 26-sy belli