“Sennur fashion house” Pariždaky moda görkezilişinde milli öwüşginli lybaslaryny görkezdi

“Sennur fashion house” Pariždaky moda görkezilişinde milli öwüşginli lybaslaryny görkezdi

“Sennur fashion house” türkmen moda öýi 4-nji iýulda Fransiýanyň Pariž şäherinde geçirilen “Oriental Fashion Show 2023” atly Gündogar moda görkezilişine gatnaşdy. Bu barada “Sennur fashion house” “Biznes Türkmenistan” internet neşirine habar berdi.

Moda görkezilişine Liwandan, Gazagystandan, Türkmenistandan, Gollandiýadan we Marokkodan gelen belli modelýerler gatnaşdylar.

Moda görkezilişiniň dowamynda Parižiň tomaşaçylary, halkara modelýerler, habar beriş serişdeleriniň wekilleri “Sennur fashion house” moda öýüniň milli öwüşginli lybaslaryna ýokary baha berdiler.

“Oriental Fashion Show” milli modany döwrebaplaşdyrmagyň, şeýle hem ony häzirki zaman tendensiýalaryna öwürmegiň we halkara bazara çykarmagyň üstünde 15 ýyldan bäri iş alyp barýar.

Suratlar: Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçihanasy

Ýene degişli makalalar

Türkmen-rus gatnaşyklary: bilim hyzmatdaşlygy, ýokary okuw kwotalary we hünär tejribeleriniň alyşygy
Hökümetçi neşirler daşary ýurtlarda bolup geçýän 'negatiw wakalara' ýygy-ýygydan ünsi çekip başlady
Türkmen žurnalistleri gadymy Efes şäheriniň medeni mirasyny öwrenýärler
Türkmen žurnalistleri Türkiýäniň Izmir sebitiniň medeni baýlygyny öwrenýärler
Gepleşik, gepleşik, gepleşik... Türkmen-özbek gepleşikleri iş ýüzünde nähili netije berýär?
8-nji ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal