SENETÇILIK TEJRIBESIKÄMILLIGIŇ BELENT DEREJESI

SENETÇILIK TEJRIBESIKÄMILLIGIŇ BELENT DEREJESI

Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda halkymyzyň hiç haçan öz gymmatyny ýitirmejek mirasy bolan milli senetçiligini ösdürmek, pederlerimizden miras galan gymmatlyklarymyzy öwrenmek, özboluşly ussatlyga we döredijilik ukybyna eýe bolan senetkärlerimiziň döredijiligini we olaryň esasyny goýan halypa-şägirtlik mekdebini döwrebap ýollar bilen dowam etdirmek we bu inçe senedi geljekki nesillere ýetirmek babatynda ýurdumyzda ägirt uly işler alnyp barylýar.

7-nji awgustda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde geçirilen Türkmen milli senetçiligini ösdürmegiň meseleleri we dünýä tejribesi atly maslahat hem milli senetçiligi ösdürmegiň we bu ugurdaky dünýä tejribesini öwrenmegiň meselelerine bagyşlanyldy.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň guramagynda geçirilen bu maslahata ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň wekilleri, ÝUNESKO-nyň ýanyndaky Dizaýn Plus döredijilik birleşiginiň başlygy, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy Täjigül Gurbanowa, Ahal welaýatynyň Akbugdaý etrabynyň Çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň müdiri Gülälek Babakulowa, asma sagatlaryň bezeg işlerini alyp barýan Jeren Gurbanowa, deri önümleriniň gadymy däplerini ösdürmek we kämilleşdirmek bilen meşgullanýan Andreý Medwedýew, sowgatlyk önümleriniň bezegçisi Saparsoltan Seýidowa, tut kagyz öndürmek bilen meşgullanýan Gaýrat Mätkerimow, keşdeçi Oguljennet Kemjäýewa, sowgatlyk önümlerini taýýarlaýan Şasenem Ataýewa, bezeg sowgatlyklaryny taýýarlaýan Leýla Seýidowa, suratly keçe önümleriniň ussady Aýna Patarowa ýaly senetkärler, şeýle hem mirasy öwrenijiler, etnograflar, alymlar we medeniýet işgärleri gatnaşdylar.

Maslahatyň çäginde amaly-haşam sungatynyň kämil nusgalaryny öz içine alýan türkmeniň nepis el işleriniň we senetkärleriň taýýarlan önümleriniň sergisi guraldy.Maslahatda türkmen milli senetçiliginiň ýeten derejesi, bu ugurda dünýä senetkärleri bilen tejribe alyşmagyň meseleleri barada gyzykly çykyşlar edildi.

Maslahata gatnaşanlar türkmen halkynyň gadymy we müdimi mirasynyň, umumadamzat ähmiýetli gymmatlyklarynyň dünýä ýaýylmagy ugrunda gije-gündiz uly tagallalar edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza jan saglyk, döwletli işlerinde rowaçlyk arzuw etdiler.

Ýene degişli makalalar

SENETÇILIK TEJRIBESIKÄMILLIGIŇ BELENT DEREJESI
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Aşgabatda türkmen-rumyn parlamentara gepleşikleri geçirildi
Türkmen deputatlary Merkezi Aziýanyň zenan liderleriniň dialogynyň mejlisine gatnaşdy
Türkmenistanly boksçular Gazagystanda geçirilen halkara ýaryşda alty medal gazandylar
Aşgabat futbol topary BAE-de okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny alyp barýar