Şu gün Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň müdiriýetiniň mejlisi geçirildi, onda ýurdumyzda hususy işewürligi mundan beýläk-de ösdürmegiň häzirki wagtdaky meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.Mejlisde şeýle hem guramaçylyk meselesine garaldy, oňa laýyklykda, A.Dadaýewiň pensiýa çykmagy sebäpli, ony Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy wezipesinden boşatmak hakyndaky arzasy kanagatlandyryldy.
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygynyň orunbasary D.Hudaýberdiýewiň üstüne ...