Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň agentlikleriniň başlyklary bellendi

Prezident Gurbanbguly Berdimuhamedow 30-njy ýanwarda Türkmenistanyň täze döredilen Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň agentlikleriniň başlyklaryny belledi.

Azat Atamyradow Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň Türkmendemirýollary agentliginiň başlygy wezipesine;

Baýramgeldi Öwezow Türkmenaragatnaşyk agentliginiň başlygy wezipesine;

Orazdurdy Suhanow Türkmenawtoulaglary agentliginiň başlygy wezipesine;

Döwran Saburow Türkmenhowaýollary agentliginiň başlygy wezipesine bellenildi.

Şeýle-de prezident karar gol çekip, Awtomobil ulag hyzmaty açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmäge esaslandyryjylar hökmünde Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň Türkmenawtoulaglary agentligine şol agentligiň Aşgabatdaky awtoulag kärhanasyna paýly gatnaşmaga ygtyýar berdi.

Ýene degişli makalalar

18.05.2018 | Resmi habarlar
30.01.2019 | Resmi habarlar
Magtymguly, düşdüň yşkyň güzerne atly täze sahna oýny taýýarlanylýar
Saz rowaýatyndaky sungat hakykaty
Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda täze oýun sahnalaşdyrylýar
Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda täze oýun sahnalaşdyrylýar