Senagat taýdan ähmiýetli täze gaz akymy alyndy

Senagat taýdan ähmiýetli täze gaz akymy alyndy

Türkmengaz döwlet konserniniň gazçylary Mary welaýatynyň çäginde ýerleşýän Kelleli, Garabil gaz ýataklarynda guýulary burawlamak işlerini ýokary depginde alyp barýarlar. Burawlaýjylar golaýda Kelleli gaz ýatagynyň 01 belgili ulanyş-baha beriş guýusyndan senagat taýdan ähmiýetli gaz akymyny aldylar.

Konserniň Türkmengazburawlaýyş müdirliginiň burawlaýjylary Kelleli gaz ýatagynyň 01 belgili ulanyş-baha beriş guýusynda tutanýerli zähmet çekip, guýynyň burawlaýyş işini 2525 metr çuňluga ýetirdiler. Şeýlelikde, senagat taýdan ähmiýetli tebigy gaz akymy alyndy diýlip, Türkmenistan gazetinde habar berildi.

Hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, gaz guýusy her gije-gündizde 571 müň kub metr tebigy gaz berýär. Guýudan alnan tebigy gazyň düzüminiň kükürt-wodorodsyz bolmagy bu ýatagyň önüminiň esasy aýratynlygydyr. Şu günler gazçylar Mary welaýatynyň çäginde ýerleşýän beýleki gaz känlerinde-de guýulary burawlamak işlerine giň gerim berýärler.

Ýene degişli makalalar

Galkynyş gaz käninde täze tebigy gaz akymy alyndy
Türkiýäniň Dördünji Burawlaýyş Gämisi Norwegiýadan Türkiýä Ugrady
Fatih Gämisi Garadeňizde Üçünji Burawlaryş Işlerine Başlady
Erdogan Herzogyň Türkiýä Sapara Geljekdigini Aýtdy
Garadeňizde Tebigy Gaz Burawlaýyş Işlerine Başlanmagy Üçin Taýarlyk Görülýär
“Lebapgazçykaryş” 11 milliard kubmetrden gowrak tebigy gaz öndürdi