
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Karary bilen, Begenç Seýdyllaýewiç Atagulyýewi Senagat paýdarlar-täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy wezipesine saýlamak hakynda Senagat paýdarlar-täjirçilik bankynyň paýdarlarynyň umumy ýygnagynyň 2023-nji ýylyň 10-njy fewralynda çykaran 2-nji karary tassyklandy.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Karary bilen, Gadyrgeldi Müşşikowiç Müşşikowy, başga işe geçmegi sebäpli, Senagat paýdarlar-täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy wezipesinden boşatmak hakynda Senagat paýdarlar-täjirçilik bankynyň paýdarlarynyň umumy ýygnagynyň 2023-nji ýylyň 10-njy fewralynda çykaran 1-nji karary tassyklandy.
Bular barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.