Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň aktrisasy Şemşat Kasymowa 10 ýyldan gowrak wagt bäri teatrda we kinofilmlerde baş keşpleri ýerine ýetirýän ussat aktrisa hökmünde tanalýar.
Gudrat filmindäki ýerine ýetiren keşbi bilen tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsine mynasyp bolan ýaş aktrisa Binýat we Daragt ýaly filmlerde hem-de birnäçe spektakllarda dürli keşpleri janlandyrdy.Zehinli aktrisa 2022-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmeniň Altyn asyry atly baýragyna mynasyp boldy. 14-15-nji oktýabrda Arkadag şäherinde geçirilen Arkadagyň säheri halkara film festiwalynda Şemşat Kasymowa bilen teatr we kino sungatyndaky döredijilik ýoly barada söhbetdeş bolduk.
— Şemşat, ilki bilen aktrisa bolmak kararyna gelşiňiz hakda gürrüň berseňiz? Bu çagalyk arzuwyňyzdymy?
— Aktrisa bolmak kararyna gelşim barada belli bir wagty aýdyp biljek däl. Ýöne A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatrynda çagalar üçin goýlan spektakllaryň köpüsini sypdyrman görýärdim.Esasan hem, gahrymanlary owadan we şadyýanja gyzlar bolan sahna eserlerini halaýardym.
Spektakllardan soň olaryň keşbini özümçe oýnap görerdim. Ýöne teatra bolan söýgimi ýakynlarymdan gizleýärdim. Çagalygymda haýsydyr bir sahnajyklary oýlap tapýardym, tans edýärdim, aýdym aýdýardym.Mekdebi tamamlanymdan soň, haýsy ugurdan ýokary bilim almalydygym barada köp pikirlendim.
Has dogrusy, artist bolmak kararyna mekdebi gutaranymdan soň geldim diýsem, hakykatdan daş düşmesem gerek.
— Ene-ataňyza gelen kararyňyzy aýdanyňyzda, olar nähili kabul etdiler?
— Dogrusy, her bir ene-ata perzendiniň geljekde haýsy kär-hünäri saýlap aljakdygy baradaky kararyna hormat goýmalydyr diýip pikir edýärin.Mekdebi tamamlanymdan soň Türkmen döwlet medeniýet institutynyň teatr we kino sungaty fakultetiniň aktýorçylyk sungaty bölümine synanyşmakçydygym barada ene-atamyň ýanynda dil ýaranymda, olar birbada geň galdylar. Ýöne meni ünsli diňlän enem Maral bu niýetimi ikelläp makullady.
Enem sungat adamy bolmasa-da, kakasy belli režissýor we dramaturg Bazar Amanowdan artistlik barada öwrenenleriniň baryny maňa öwretdi. Şeýdip, okuwa girmek maksady bilen, instituta resminamalarymy tabşyrdym.Synaglardan üstünlikli geçip, garry atam Bazar Amanowyň neslinden ilkinjileriň biri bolup, sungat älemine gadam basdym.
— Institutda okan döwrüňizde halypa artistleriň haýsysyndan tälim aldyňyz?
— Institutda okan döwrümde belli sahna ussady, Türkmenistanyň halk artisti Ata Alowowyň bize aktýorlyk ugrundan sapak bermegini uly şowlulyk hasaplaýaryn. Biz talapkär mugallymdan aktýorlygyň inçe tilsimlerini öwrendik. Şeýle ussadyň elinde bilim almagy üstünlige tarap uly ädim hasaplaýaryn.
— Sahna ilkinji gezek çykyşyňyz ýadyňyzdadyr-la?
— Elbetde, ýadyma düşýär, bu sapakda bolupdy. Halypamyz Ata Alowow bize özbaşdak parçalary taýýarlap, Nämä ukyplydygyňyzy görkeziň! diýip tabşyrdy. Şonda birbada Mundan nädip baş alyp çykyp bolarka? diýip, aljyraman hem durmadym. Meniň paýyma sahnada Magtymgulynyň goşgularyny labyzly okamak düşdi. Şeýdip sungata ugrugyp başladym.
— Okuwy tamamlap, işe başlan teatryňyzda sizi nähili kabul etdiler? Sahnada ilkinji ýerine ýetiren keşbiňiz barada gürrüň beräýseňiz?
— Ata Alowowdan sapak alandygyma göz ýetirenlerinden soň, Orazgül Apbasowa, Muhammet Bekiýew, Aşyr Işangulyýew, Baýram Kerimow we beýleki halypalar meni mähir bilen garşy aldylar. Köplenç täze işe başlanlara seresaply çemeleşilýär, bellikler edilýär, ýöne topardakylar meni diýseň hoşamaý kabul etdiler. Baş drama teatrynda halypa režissýor Kakajan Aşyrowyň sahnalaşdyran Bagt kenary spektaklynda baş keşbi Altynaýyň keşbini ýerine ýetirdim.
Bu meniň ilkinji keşbim.Instituty gutaryp, iş tejribämizi geçip ugran badyma maňa bu keşbi ynandylar.Dogrusy, ilkinji gezek uly sahna çykmak tolgundyrýar.Ol düşündirmesi kyn hem üýtgeşik tolgunma.
Režissýor Kakajan Aşyrowyň goýýan sahna oýunlaryna eýgeräýmek ýaňy okuwyny tamamlan talyplar üçin ýeňil-ýelpaý iş däldi.Talapkär režissýor üçin sahnada ownuk-uşak zat ýok.Ol iň bir kiçijik jikme-jiklikleri hem nazara alyp, her bir hereketiňi keseden ünsli synlap durýar.
Sahna oýny bilen baglanyşykly ähli ýagdaýlary juda inçelik bilen yzarlap, baha berýär, keşbi nähili janlandyrsaň, jüpüne düşjekdigini maslahat berýär. Şondan soň men Eziz Işangulyýewiň Ömür daragty spektaklynda perizadyň keşbinde oýnadym.
Bu eser Gahryman Arkadagymyzyň Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi atly kitabyndaky rowaýat esasynda sahnalaşdyryldy.Bu keşp batyrgaý zenanyň gylyk-häsiýetlerini özünde jemleýändigi üçin maňa diýseň ýakyn bolup, iň gowy görýän keşplerimiň biri.
Eserde adamyň durmuşyndaky zerur ahlak gymmatlyklary baradaky wajyp meseleler örboýuna galýar. 2021-nji ýylda milli teatr sungatymyza bagyşlanyp paýtagtymyzda guralan festiwalda bu spektakly ýerine ýetirip, öňdäki orny eýeledik.
— Size haýsy keşbi ýerine ýetirmek agyr düşýär?
— Iň kyn keşp, şu günki sahna oýnundaky keşbim.Bu ýerde men her gezek sahna çykanymdaky keşbimi göz öňünde tutýaryn. Çünki sahnada bütin düýrmegimiz bilen özümizi sahna bagyşlaýarys.
Keşbiň şowly çykmagy üçin ähli ukyp-başarnygymy sarp edýärin, edil durmuşdaky ýaly şol keşp bilen ýaşaýaryn, şoňa görä, gahrymanlarymyň hiç birisine söýgüsiz çemeleşip bilemok.Zähmetimiziň ýerine düşmegi bizi iň aladalandyrýan ýagdaý bolup durýar.
Eger-de sahna çykanymda ylhamym ýok bolsa, men ony hökman tapaýmaly, sebäbi meniň garşymda kämil, gyzykly oýna garaşýan ýüzlerçe tomaşaçy otyr.
— Siz birnäçe spektaklda çykyş etdiňiz, olaryň haýsysy göwnüňize has ýaraýar?
— Maňa teatrymyzda goýlan spektakllaryň hemmesi ýaraýar, ýöne belli rus ýazyjysy Anton Çehowyň pýesasy esasynda goýlan Aýy spektakly has ýarady.Meniň onda baş keşpleriň birini ýerine ýetirmegime ussat režissýor Gülälek Akmyradowa ynam bildirdi.
Bu sahna oýnunda durmuşyň garaşylmadyk wakalardan doludygy görkezilýär.Muňa zenanlaryň gapma-garşylykly dünýäsi baradaky kyssa diýsegem bolar.Bu sahna eseri tomaşaçylary öz ýakynlary hakda çynlakaý oýlanmaga, durmuşy söýmäge çagyrýar.
Hiç haçan könelmeýän söýgi temasy oýnuň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Şonuň üçin bu oýun her gezek tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsine mynasyp bolýar.Mundan başga-da, geçen ýyl Gülälegiň režissýorlygynda köpçülige hödürlenen Şekspiriň ady rowaýata öwrülen Romeo we Julýetta diýen söýgi dramasynda Julýettanyň keşbini ýerine ýetirdim.
Dört asyrdan gowrak wagt bäri millionlarça adamyň ýüreklerini lerzana salyp gelýän Şekspiriň bu ölmez-ýitmez tragediýasynda çyn söýgi gahar-gazapdan, ýigrençden, duşmançylykdan we ölümden rüstem çykýar.Julýettanyň keşbini sahnada janlandyrmaga gatnaşmagymy uly bagt hasaplaýaryn.
— Aýy spektaklynda Ýelena Popowanyň keşbini ýerine ýetireniňiz ýadymda.
— Gülälek sahna oýunlarynyň hili babatda ynjalyp bilmeýän zenan, yzygiderli döredijilik gözlegindäki halypamyz hemişe täze bir zatlary gözläp tapýar. Şoňa görä, onuň maňa Ýelenanyň keşbini ynanmagy ajaýyp sowgat boldy.
Bir gezek taýynlyk gidip durka, belki-de haýsydyr bir detal onuň göwnüne ýaran däl bolsa gerek, ol ýanyma gelip: Eger-de şol ýagdaýda özüň bolan bolsaň näme ederdiň?diýdi.
Menem şeýleräk etseň has täsirli boljakdygyny aýdanymda, ol pikirimi derrew makullady.
— Siz haýsy režissýor bilen işleşmek isleýärsiňiz?
— Häzirki wagtda teatr we kino sungatyna režissýorlaryň täze nesli geldi. Olaryň gyzykly, özüne çekiji garaýyşlary bar. Şoňa görä, men olaryň täze maksatnamalaryna gatnaşyp, ýurdumyzyň sahna we kino sungatynyň ösüşine goşant goşmagy niýet edinýärin.
— Artistiň üstünligini näme kesgitleýär? Gowy artist nähili bolmaly diýip pikir edýärsiňiz?
— Iň esasy zat, artist öz keşbiniň ruhy dünýäsine düşünmegi, onuň pikirleri, durmuşy bilen ýaşamagy başarmaly. Onsuz sahnada bitirjek işiň ýok. Eger keşbiňe düşünmeseň, onuň bilen dem almasaň, üşükli tomaşaçy dessine duýýar. Sahnada ýasamalygy hiç wagt gizläp bolmaýar.
— Maşgalaňyzda käriňize nähili garaýarlar?
— Meniň iki oglum bar. Olar heniz kiçijigem bolsa, kärimi, sungatymy goldaýarlar. Olar meniň bilen teatra gatnaýarlar, oýunlaryma tomaşa edýärler. Çagalarym meni mekdepde tanaýandyklaryna-da buýsanýarlar. Olar muny ýüze çykaryp ýörmeseler-de, olara ýakymlydygyny duýýaryn. Ýanýoldaşymyň, gaýyn atamyň özleri sungat adamlary bolansoň, meniň kärime hormat goýýarlar. Çünki olar işimiň ýeňil däldigine düşünýärler.
— Bu hünärde nähili häsiýetler gerek?
— Ynam, söýgi we umyt. Hudaýa, ykbalyňa we özüňe ynanmaly, işiňe-de jür bolmaly. Bu fiziki, emosional we ruhy taýdan ýeňil kär däl. Elmydama käbir päsgelçilikleri, hemişe özüňi ýeňip geçmeli bolýar. Munuň üçin taýynlygyň bolmaly. Isleg bolsa, öwrenip bolmaýan kär ýok.
— Şemşat, indi kino sungaty barada gürrüňe geçeli. Siz haýsy filmlerde surata düşdüňiz?
— 2016-njy ýylda Halkara zenanlar gününe bagyşlanyp, Türkmen owazy teleýaýlymynda Bagt ekeni bagtyňa garaşmaklygam filminde ilkinji gezek surata düşdüm.Soňra režissýor Sapardurdy Annaýewiň Gudrat filminde surata düşdüm, onda baş keşbi Gülälegiň keşbini döretdim. Şeýle-de, 2021-nji ýylda Annadurdy Täşliýewiň režissýorlyk etmeginde Binýat atly filmde baş keşbi Jennediň keşbini ýerine ýetirdim.
Filmde ýaş binagär talyplaryň durmuşy, döredijiligi hakynda söhbet açylýar.Režissýor Sahysalyh Baýramowyň döreden Daragt filminde-de baş keşbi Näzik gelniň keşbini ýerine ýetirdim.Filmiň ilkinji görkezilişiniň bolanyna gaty köp wagt geçenok, ol ýurdumyzyň milli telewideniýesinde hem görkezildi. Şeýle-de, Aşgabat kinoteatrynda filmiň premýerasy köp sanly kino muşdaklaryny ýygnady.
Bu film tomaşaçylaryň göwnünden turandyr diýip umyt edýärin.
— Siz üçin kino gyzyklymy ýa-da teatr?
— Dogrusy, olaryň hiç birinden hem uzaklaşasym gelenok.Sahna çykanyňda, tomaşaçylaryň kabul edişini, gyzyklanmasyny duýup, hiç zat bilen deňeşdirip bolmajak duýgyny başdan geçirýärsiň.Teatrda siz gymmatly eseriň bir parçasy bolup, şonsuz sahna oýny başa barmaýar.
Ol ýerde hemme zat bitewi, sazlaşykly, ony ýoýdugyň, eýýäm hiç zady düzedip bolmaýar. Çünki tomaşaçylaryň nazaryndan sypýan zat ýok.Emma kinoda başgaçarak.Kinoda-da kämil keşbiň kemala gelmegi tutuş filmi döredýän topara bagly.
Emma kinoda wakany gaýtadan surata düşürip, käbir jikme-jiklikler, aýdym-saz, reňkler we şuňa meňzeşler bilen üstüni dolduryp bolýar. Şol bir wagtyň özünde film ekrana çykýança onuň nähili boljakdygyny diňe çaklap bolýar.
Bu garaşmak duýgusy seni iň soňky pursatlara çenli dartgynly ýagdaýda goýýar.Bu aňsat däl. Şoňa görä men teatrsyz we kinosyz oňup bilemok.Filmde keşp ýerine ýetirmek başga dünýä bolup, düýbünden başgaça bir çemeleşme talap edýär.
— Edebiýat bilen gyzyklanýarsyňyzmy?
— Edebiýaty gowy görýärin.Häzirki zaman edebiýatynda, meniň pikirimçe, çynlakaý, global meseleleri dil bilen beýan edäýmek ýeňil-ýelpaý iş däl.Meni pikirlenmäge, özüm we töweregimdäki dünýä hakda bir zatlara düşünmäge, oýlanmaga ýardam berýän audiokitaplary diňlemegi gowy görýärin.
Esasan, rus ýazyjysy Mihail Labkowskiniň, amerikan ýazyjysy Napoleon Hilliň, nemes ýazyjysy Ekhart Tolleniň eserlerini okamagy ýa-da diňlemegi halaýaryn.Bulardan başga-da, öz milli teatrlarymyzyň taryhy, daşary ýurtlaryň teatrlary we kinosy baradaky eserleri ýygy-ýygydan okaýaryn.
— Okyjylarymyza nähili arzuwlaryňyz bar?
— Ilki bilen, gyzykly we dürli wakalara baý durmuşda ýaşamaga güýç-kuwwatyň we mümkinçilikleriň bolmagy üçin hemmelere abadançylyk, saglyk arzuw edýärin! Ömür menzillerinde gaty köp gyzykly wakalar bolýar.Indi men köp wagt bäri sahnada we filmlerde çykyş edýärin, ýöne meniň esasy işim teatr.
Meniň islendik çykyşym ýaşaýşa söýgi, döredijilige ylham berýär.Bu bolsa, durmuşymyzy baýlaşdyryp, oňa özboluşly many çaýýar, şonuň üçin hemmeleri teatrymyza sahna oýunlaryna tomaşa etmäge çagyrýaryn.
— Sizi ýakyn günlerde haýsy sahna oýnunda görüp bileris?
— Häzir Eziz Işangulyýewiň režissýorlygynda Jahan patyşasy Mälik şa atly täze taryhy drama sahnalaşdyrylýar. Bu sahna oýnunyň ýakyn günlerde ilkinji görkezilişi meýilleşdirilýär. Men onda Jahan şanyň gyzy Mähri Näziň keşbini ýerine ýetirýärin.
— Şemşat, gyzykly söhbetdeşlik üçin size okyjylarymyzyň adyndan köp sagbolsun aýdýarys. Teatrdaky we kinodaky keşpleriňizde üstünlik hemraňyz bolsun! Käriňizden kemal tapyň!
— Sag boluň!
Söhbetdeş bolan Ýegenmämmet TAÝLYÝEW, Zaman-Türkmenistan.