Şemaly boýun egdiriji filmi Russiýanyň we GDA-nyň prokatynda öňdeligi eýeledi

Şemaly boýun egdiriji filmi Russiýanyň we GDA-nyň prokatynda öňdeligi eýeledi

Şemaly boýun egdiriji atly täze rus filmi Russiýanyň we GDA-nyň prokatynda geçen dynç alyş günlerinde 121,3 million rubl toplap, öňdeligi eýeledi diýip, Kinobusiness neşirine salgylanýan Gazeta.ru habar berdi.

Film 2016-njy ýylda syýahatçy Fýodor Konýuhowyň amala aşyran dünýäniň daşyndan uçuşyna bagyşlanandyr. Ol şonda planetany 11 gün 4 sagat 20 minutda aýlanyp, dünýä rekordyny goýdy. Filmde baş keşbi görnükli rus aktýor we režissýor Fýodor Bondarçuk ýerine ýetirdi. Baş keşbe aktýory syýahatçy Konýuhowyň özüniň saýlandygy habarda aýdylýar.

Ýene degişli makalalar

Garagum çöli özboluşly bioulgam we tebigy gözellikdir
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Yssykköli zibilden arassaladylar
Asmandaky pamyklar
Tolkun nädip emele gelýär?
Garagumyň gözellik dünýäsine syýahat