Fotosurata düşürilende onuň hilini, has dogrusy, durulygyny gysga wagtda düşürilmegi kesgitleýär. Ýagny fotoapparatyň obýektiwiniň näçe wagtda açylyp-ýapylýandygy suratyň hiline täsir edýär.Adatça, kinolarda ulanylýan kameralar sekuntda 24 kadr düşürýär.
Emma soňky wagtlarda has ösen tehnologiýalar ulanylyp, ýokary durulykda birnäçe tär peýda boldy.Emma iň çalt kamera rekordyny MIT-iň sekuntda 1 trillion kadr alýan kamerasy eýeleýär.Alty ýyllap üýtgemedik bu rekord golaýda täzelendi.
FRAME atly täze enjam sekuntda 5 trillion kadr alyp bilýär.Doly ady “Frequency Recognition Algorithm for Multiple Exposures” bolan bu enjamy Lund uniwersitetiniň hünärmenleri Elýas Kristensson we Andreas Ehn işläp düzüpdir.
Ol şeýle bir çalt surata düşürýär welin, şöhläniň tizligini-de görüp bolýar. Şeýlelikde, jikme-jik görülmeli zatlary anyk görmäge mümkinçilik berýär.Ony işläp taýýarlan hünärmenler bu kameranyň kömegi bilen himiýa, fizika, biologiýa we derman senagatynda geçirilýän tejribelerde ähli zady jikme-jik görmäge we öwrenmäge ýardam etjekdigini aýdýarlar.
Bu ýazgylar arkaly tejribelerde edilen ýalňyşlyklary görmäge mümkinçilik dörediler.Elbetde bu enjam kino düşürmäge däl-de, ylmy açyşlara niýetlenendir.