Dünýäde şöhleden çalt hereket edýän zat ýok.Kaliforniýanyň tehnologiýa institutynyň hünärmenleri sekuntda 10 trillion kadry surata alýan enjamy işläp düzdüler. Şeýlelikde, olar şöhläniň hereketini surata almagy başardylar.
Bu ugurda mundan ozal birnäçe gezek synanyşyk edilen hem bolsa, şeýle tizlige ýetmek başartmandy.Hünärmenler bu enjamy mundan 100 esse çaltlandyrmagy hem maksat edinýärler.Yşygyň nähili hereket edýändigini anyklamak birnäçe ugurda täze açyşlary etmäge mümkinçilik döreder.
Fizika, inženerçilik we lukmançylyk ugurlarynda şöhläniň gysga aralykda nähili hereket edýändigine baglylykda täze ösüşler bolar.Sekuntda bir milliard ýa-da bir trillion kadr surata alyp bilýän kameralar ozal hem az däldi.
Emma bu kameralar şöhläni yzygiderli surata alyp bilmeýärdi.Bir şöhle iberilip bir gezek surata düşürilýär.Soňra ikinji gezek ýene bir şöhle iberilip, biraz aňyrsyndan surata alynýardy. Şeýlelikde, birnäçe gezek düşürilen şöhle hereketleri birleşdirilip bitewi şekil alynýardy. Ýagny şöhläniň hereketi bir gezekde däl-de, birnäçe gezekde alynýardy.Täze kamera birnäçe enjamdan ybarat.
Ylmy barlagyň ýolbaşçysy Lihong Wang birnäçe enjamyň birleşdirilmegi bilen sekuntda 10 trillion kadry ýazga alýan ulgamy döredendiklerini belleýär.Aslynda, enjam sekuntda 10 trillion kadr alyp bilýän hem bolsa, onça maglumaty saklap biljek tehnologiýa entek ýok. Şol sebäpli ylmy topar kamera bilen diňe 25 kadr düşüripdir.