XVII asyryň başynda neşir edilen Wilýam Şekspiriň eserler ýygyndysy Nýu-Ýorkuň Christie’s auksionynda 9,98 million dollara satyldy.Bu seýrek kitap üçin şu wagta çenli tölenen iň köp puldyr.
Ilkinji folio diýlip atlandyrylýan bu ýygyndyny amerikaly hususy kolleksiýaçy Stefan Lewenthaýl satyn aldy.Ol ABŞ-nyň XIX asyra degişli seýrek kitaplar we suratlar dükanynyň düýbüni tutujydyr. 2001-nji ýylda Şekspiriň Ilkinji folio-sy 6,16 million dollara satylypdy.
Bu ajaýyp eseriň doly nusgasyndan birini edinenim üçin men bagtly diýip, eseriň täze eýesi buýsanjyny gizlemedi. Şekspiriň pýesalar ýygyndysynyň bahasy, edebi eserleriň arasynda täze auksion rekordyny goýup, öňki dünýä rekordlaryndan hem ýokary boldy.
Bu ýygyndy iňlis dramaturgy aradan çykanyndan ýedi ýyl soň, 1623-nji ýylda dostlary tarapyndan düzülip neşir edilýär.Oňa öň neşir edilmedik 18 pýesa, şol sanda Makbet, On ikinji gije we Ýuliý Sezar girizilipdir. Ýygyndy jemi 36 eseri öz içine alýar.
Kitabyň takmynan 235 nusgasy şu güne çenli saklanyp galypdyr, ýöne olaryň köpüsi muzeýlerde saklanyp, diňe az sanlysy hususy kolleksiýaçylaryň ygtyýaryndadyr.
Şekspiriň eserleri islendik ýaşdaky we medeniýetdäki adamlaryň kalbynda aýratyn orun alýar. Mundan başga-da, Ilkinji folio-nyň satuwy gaty uly wakadyr diýip, Christie’s auksionynyň kitaplar we golýazmalar bölüminiň müdiri Margaret Ford kolleksiýanyň gymmatyna ýokary baha berdi.