Wilýam Şekspiriň 1632-nji ýylda çap edilen ilkinji kitaby satylar. Meşhur dramaturgyň 36 pýesasyndan ybarat bolan bu seýrek eseriň aprel aýynda satuwa çykaryljakdygy barada
“Christie’s” auksion öýi habar berýär.
Şekspiriň ilkinji kitaby diňe bir eserler ýygyndysy däl-de, eýsem, giden bir ummandyr. Çünki Şekspiriň eserleri islendik ýaşdaky adamlarda ýa-da medeniýetlerde gyzgyn seslenme we goldaw tapýar. Şeýle hem, ilkinji kitabyň satylmagynyň özi uly waka bolup durýar diýip, “Christie’s” auksion öýüniň kitaplar we golýazmalar bölüminiň başlygy Margaret Ford gürrüň berýär.
Maglumatlara görä, bu kitap şahsy kolleksiýada saklanýan 6 kitabyň biridir.
Şübhesiz biziň elimizdäki kitap dünýä medeniýetiniň baý hazynasydyr. Biz bu kitapsyz edebiýata-da, Şekspire-de dogry baha berip bilmezdik. Eger-de onuň awtory bu kitabyň häzirki gadyr-gymmatyny bilsedi, haýran galardy diýip, auksion öýüniň “Globe Education” bölüminiň başlygy Patrik Spottiswud belleýär.
Megerem, bu kitap, haýsydyr bir hususy kolleksioneriň eline düşer. Kitabyň bütin dünýäde adatdan daşary gyzyklanma döretjekdigine şübhelenmese bolar diýip, Margaret Ford aýtdy.
“Christie’s” auksion öýi ilkinji kitapdan 6 million dollar gazanmagy meýilleşdirýär.