Sekiz dalaşgär dalaş edýär

Dolandyryjy Konserwatiw partiýanyň liderligine we Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri wezipesine dalaşgärleriň sany sekiz adama çenli azaldy.

Britan parlamentiniň obşinalar palatasynyň 358 wekili bar.Partiýa içindäki saýlaw kampaniýasyna gatnaşmak üçin bir dalaşgär Konserwatiw partiýadan bolan 20 kärdeşiniň goldawyny gazanmaly.Netijede, 13-nji iýulda geçiriljek ses berişligiň birinji tapgyryna sekiz dalaşgär tassyklandy.

Olar Maliýe ministrliginiň ozalky ýolbaşçysy Rişi Sunak, daşary işler ministri Liz Trass, söwda ministriniň orunbasary Penni Mordont, maliýe ministri Nadhim Zahawi, öňki daşary işler ministri Jeremi Hant, obşinalar palatasynyň daşary işler boýunça komitetiniň başlygy Tom Tugendhat, Angliýanyň baş prokurory Sýu-Ellen Brawerman we deputaty Kemi Beýdnok.

Ýene degişli makalalar

Möhletinden öň saýlawlar geçirildi
Ispaniýada saýlaw: köplügi alan partiýa bolmady
Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň täze Premýer-ministri Rişi Sunagy gutlady
Beýik Britaniýanyň hökümeti ynam sesini aldy
Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri Boris Jonson Wezipesinden Çekildi
Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri Boris Jonson Wezipesinden Çekildi