Şu ýylyň Türkmenistan Bitaraplygyň mekany maksatnamasynyň çäklerinde Şekillendiriş sungaty muzeýinde türkmen nakgaşlarynyň işleriniň sergisi guraldy.Bu işler atrium-zalda ýerleşdirilipdir, ondaky hemişelik ekspozisiýanyň aglaba bölegi 2020-nji ýylyň şygarynyň tematikasy bilen sazlaşýar.
Yzzat Gylyjowyň Sazandalar, Ýewgeniýa Adamowanyň Täze aýdym, Rahman Umarowyň Läle bagşy, Hally Annaçaryýewiň Orkestriň dirižýory suratlary, Muhammet Ýüzbaşewiň Hasyl toýy heýkeli we beýleki işler türkmen halkynyň myhmansöýerligini, onuň açyklygyny we dostnalagyny, taryhy-medeni we ruhy mirasa aýawly garamak däplerini wasp edýärler.
Annadurdy Almämmedowyň Magtymgulynyň ilinde atly suratynda eli Pyragynyň goşgular kitaby bolan gyzlar we Rahman Umarowyň Näzli atly işinde bolsa çigildem gunçasyna syn edýän gözel gyz şekillendirilipdir.Annasoltan Hojaýewanyň Aýmyrat jan atly suratynda egni milli toý lybasly, başy ak telpekli gelşiklije oglanjyk şekillendirilipdir.
Onuň mähirli ýylgyryşy we uçganaklap duran şadyýan gözleri döwrümiziň ruhuny beýan edýär.Sergide keramika eserliniň hem ençemesi goýlupdyr.Filosofiki mana ýugrulan özboluşly işleriň birnäçesi Türkmenistanyň halk nakgaşy Solmaz Muhammedowanyň zehininden döräpdir.
Gülýara Babaýewa peçwork usulynda surat çekilen gabyň awtory.Maral Ataýewanyň Gündogara mahsus usulda çekilen dört minaraly, bezegli mejimeli, ýükli düýeli kompozisiýasy Beýik Ýüpek ýoluna syýahaty ýada salýar.Aýna Saparowanyň tematiki keçesindäki ýordum hem şoňa meňzeýär.
Bir maşgala täze ýurda göçüp barýar, düýäniň ýanyndan salyhatly ýöräp gelýän gara pişigiň ynamly aýak urşundan çen tutsaň, ol eýeleri bilen ozalam ençe göç edene meňzeýär.Mähirli reňklerde berlen we manyly simwollara baý bu iş adamyň tebigat bilen aýrylmaz baglanşygyny, halk döredijiliginiň ýörelgeleriniň häzirem dowam etdirilýändigini görkezýär.