Şekillendiriş sungaty muzeýiniň sergisi: müdimi hakyda

Paýtagtymyzyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde uruşlaryň ählisiniň jeň meýdanlarynda wepat bolanlaryň, şeýle hem 1948-nji ýyldaky elhenç Aşgabat ýer titremesiniň pidalarynyň hatyrasy tutulýan Hatyra gününe gabatlalyp sergi guraldy.

Weýrançylykly Aşgabat ýer titremesinden bäri 72 ýyl geçdi. 1948-nji ýylyň 6-njy oktýabryna geçilen gije paýtagtymyz we onuň etegindäki obalar az salymda elhenç belanyň pidasy boldy. Şol döwür şäherde çig kerpiçden gurlan bir gat jaýlar kändi, olaryň harabalary çagalardyr garrylaryň, hassalardyr sag adamlaryň, owadan-görmegeý, arzuwçyl, zehinli adamlaryň, gör, nijemesiniň ömür tanapyny kesdi.

Käýerde ýer darka ýarylyp, ynsan-u-janly- jandarlary açgöz holtumyna atdy...

Harabalaryň astyndan çykarylan elhenç belanyň pidalarynyň müňlerçesini doganlyk mazarystanlygyň birnäçesinde jaýlapdylar. Ýaradar bolanlar tizden-tiz lukmançylyk kömegine mätäçdiler. Olar şeýle bir kändi welin, neýrohirurg Boris Smirnow bilen onuň kömekçileri Karl Marks meýdançasynda ýerleşdirilen kiçiräk harby keselhanada weýran bolan şäheriň dürli künjeklerinden getirilýän ýaradarlary operasiýa edip ýetişmeýärdiler. Çagalaryň we tenine sikest ýetenleriň bir bölegi uçarlarda doganlyk respublikalara ugradyldy...

Ýyllar geçdi. Aşgabat, misli kaknus kimin galkynyp, ak mermer döwrebap megapolise öwrüldi. Paýtagtymyzyň günorta-günbatar böleginde gurlan Halk hakydasy kaşaň ýadygärlik toplumy halk gahrymanlarynyň we ýer titremesiniň pidalarynyň hatyrasyna çäksiz hormatymyzyň nyşanyna öwrüldi...

Nakgaşlaryň dürli nesliniň wekilleri 1948-nji ýylyň pajygaly wakalaryna bagyşlap eser döretdiler. Olaryň bir bölegi Şekillendiriş sungaty muzeýiniň tematiki sergisinde görkezilýär.

Türkmenistanyň halk nakgaşy Annamämmet Hojanyýazowyň Bela atly işinde bir gudrat bilen aman galan adamlar şekillendirilipdir.Heläkçiligiň reňkindäki garamtyl-gülgüne ir säher şuglasy ýykylan jaýlaryň astyndan çykarylan dirileriň we ölüleriň ýüzüne düşýär.

Olaryň gapdalyndan eli çagaly bir gelin ylgaşlap geçip barýar.Bu hasrata aklyny aldyran ene gyzjagazyny halas etjek bolup, alys bir ýere gaçjak bolýar. Ýöne bar ýer weýran bolan öýler, ahy-nala bolup dur...

Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Toýmämmet Esenmämmedowyň Ýer titremesi atly allegoriýa-suratynda wepat bolanlaryň arasynda ýykylan jaýlaryň aşagyndan çykan erkeklerdir zenanlar diri galan balalaryny bagryna berk basýarlar. Öňdäki planda erkek kişi aýalyny daşlaryň arasyndan çykarypdyr, ýöne onda dem-düýt ýok. Şonda-da suratyň gahrymanynyň muny boýun alasy gelmeýär we ol söwer ýaryny ajal penjesinden alyp galaryn diýen umudyndan dänmeýär.

Kakamyrat Baýlyýewiň grafiki işi hasam hasratly görünýär. Surat darka ýarylan ýeriň çagalary, zenanlary, garrylary... rehimsiz ýuwduşyny görkezýär.

Türkmenistanyň halk nakgaşy Hajy Atakgaýew Goýbermeýän ýatlamalar atly grawýurasynda weýran bolan öýüniň harabaçylygynda çagalaryndan we agtyklaryndan aýra salan ýer titremesinden soňky durmuşy nädeýin? diýip jebir çekýän ýaşulyny şekillendiripdir.

Türkmenistanyň halk nakgaşy Ýarly Baýramow täsirliligi we ýiti duýgy çuňňurly babatda juda güýçli Ýakymsyz habar suratyny döredipdir. Ezizlerinden jyda düen garry enäniň çekýän ezýeti suratyň her ştrihinde duýulýar.

Sergide Änew metjidiniň girlegesiniň harabalary hem görkezilýär. Onuň mozaikasynyň ýiti gök reňkli bölekleri birehim belanyň asyrlarboýy nesiller üçin saklanan özboluşly taryhy ýadygärligi-de aýap durmandygyny bize ýatladýar... Onuň gapdalynda Gylyçmyrat Nurlyýewiň Änew metjidi atly suraty goýlupdyr.

Indi Aşgabat stilistiki sazlaşygy bilen haýrana goýýan megapolise öwrüldi. Aşyklar şäherine owandan binalar, zümerret seýilgäh zolaklary, landşaft kompoziýalarynyň gözel nagyşlary, üýtgeşik çüwdürimler toplumlary görk berýär. Paýtagtymyzyň şahyrana keşbi durmuş senasy bolup ýaňlanýar, türkmen halkynyň döredijilik kuwwatynyň nyşany bolup görünýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Braziliýada Kiçi Uçar Heläkçilige Uçrady
Indoneziýada Iki Otly Kakyşdy
Meksikada Bolan Uçar Heläkçiliginde 4 Adam Ýogaldy
Bişkekde Harby Dikuçar Heläkçilige Uçrady