Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gurnan sergisi haly dokamagyň taryhy we däpleri barada gürrüň berýär

Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmen halysynyň we dokma senagatynyň işgärleriniň gününe bagyşlanyp gurnalan sergide ýordumly halylar, çeper elli halyçylarymyza bagyşlanan žiwopis eserleri, durmuşda ulanylýan we zenanlarymyzyň göterýän özboluşly haly önümleri, etnografik eksponatlar giňişleýin görkezilýär, olara syn edip, el halysy sungatynyň ösüş taryhyny yzarlasa bolýar.

Sergini Türkmenistanyň halk nakgaşy Annadurdy Almämmedowyň “Halyçylar” atly belli suraty açýar, onda haly dokaýan zenanlar topary şekillendirilipdir. Nakgaşyň gahrymanlarynyň eşikleriniň reňki haly ýüpleriniň goýy gyzyl, gyzyl, narynç, mawy, sary reňklerine kybapdaş gelýär.

Serginiň guramaçylary muzeýde saklanylýan halylaryň birnäçesini goýupdyrlar. Olaryň biri Wl. Beglýarowyň “Tans” halysy 1947-nji ýylda döredilipdir. Ýordumyň merkezinde durky bilen tansa berlen buluç tansçylary şekillendirilipdir. Halyda tans edýänleriň özboluşly hereketleri, olaryň milli eşikleri edil çekilen ýaly nepis beýan edilipdir. Ol şeýle zehinli dokalypdyr welin, tomaşaçylarda toý-baýrama syn edýän ýaly duýgy döreýär.

Beýleki bir belli haly--J.Şahberdiýewanyň “Zähmetkeşler dynç alýar” atly halysy gahrymanlarynyň sany, uly dabara gatnaşýanlaryň hersine mahsus sypatlaryň nepis berlişi bilen tomaşaçylary haýran edýär.

Bölümleriň birnäçesi durmuşda ulanylýan saçaklar, horjunlar, zenan torbalary, gapjyklary, ykjam telefonlaryň gaby we beýleki haly önümleri bilen tanyşdyrýar. Döwrüň özgermegi bilen amaly-haşam önümleriniň görnüşleri-de barha köpelýär. Olaryň köpüsini daşary ýurtly myhmanlar ýadygärlik sowgat hökmünde höwes bilen satyn alýarlar.

Serginiň bölümleriniň biri halynyň döreýşinden söhbet açýar. Bu ýerde halyçylaryň aýakly ikde goýun ýüňünden egirýän ýüplügi, çal sapagy gerekli reňke reňklemäge ýardam edýän gurallar, synnylar, haly satnoklary... bar.

Bu ýerdäki eksponatlara syn edip ýörenleriň arasynda Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, Döwelt Çeperçilik akademiýasynyň mugallymy Annabibi Yslamowa-da bardy, men onuň bieln söhbetdeş bolanymda ol şeýle diýdi:

-12 ýaşanymdan ejem meni doganlarymyň ýanyna haly stanogyna geçirdi, olar halynyň iki gyrasyny dokasa, men aralygyny dokaýardym. Ejem talapgär halypady, ýeke säwligem onuň gözünden sypmazdy. Ol halynyň ýaňyja dokalan ýeriniň ýüzüne we arkasyna siňňin garap: “Ýalňyşyňy derrew düzetmeseň, haly gyşyk çykar”—diýierdi. Ýöne biz ýalňyşmaýardyk, olam aňrymyzyň tanalýan halyçylardan bolanlygyndan bolaýmasa. Mamam sapaklary reňklemäge taýsyz ussatdy.

1976-njy ýylda Türkmen döwlet ýörüte çeperçilik orta hünär mekdebiniň halyçylyk bölümine okuwa girip, ony tapawutlanan diplom bilen tamamladym. Meni hat-da Leningradyň dokma institutyna okuwa-da iberdiler, ýöne eýýäm iki çagam bolansoň, maşgala öňündäki borjum ondan boýun gaçyrmagyma sebäp boldy. Onsoň men Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh fakultetine okuwa girdim.

Men diplom işimi halyçylykdan ýazjakdygyny aýtdym.Meni goldap, “Krasnowodsk oblastynda halyçylyk” temasyny berdiler. Özüm Magtymgulynyň şygyrlarynda wasp edilen gözel Etrekden bolamsoň, belli halyçylardan bu käriň inçe syrlaryny sorap öwrenmek gyzyklydy.

Işim şeýle her taraplaýyn boldy welin, topar agzalary şunça köp maglumaty özbaşdak toplanyma we tertipleşdirenime birbada ynanmajak boldular.Onsoň üstümi sowaldan gömdüler, ýöne men olaryň ählisine jogap berdim.

Işi özümiň edenligime göz ýetirensoňlar maňa bu temadan kitap ýazmagy maslahat berdiler.

Çeperçilik akademiýasy açylanda meni oňa mugallymçylyga çagyrdylar. Men talyplara halyçylygyň ýedi ýörelgesini öwredýärin, edil ejem ýaly talapkär halypa bolmaga çalyşýaryn. Men talyplara: “Täze haly işlemäge başlanyňyzda, siz sungat eserini döredýänligiňize düşünmelisiňiz!”- diýýärin. Biziň zehinli we döredijilikli pikirlenýän ýaşlarymyz bar. Talyplar halyçylygyň syrlaryny öwrenip, oňa täzelikler girizmäge çalyşýarlar, bu gaty gowy, çünki her döwür hem kesp-käre täzelik girizilmelidir.

Ýene degişli makalalar

Ýedi yklyma ýaýran türkmen halysy
Haly sungatyna berlen ömür...
Annabibi Yslamowanyň döredijiliginde gadymy halyçylyk sungatynyň täze ugurlary
Annabibi Yslamowanyň döredijiliginde gadymy halyçylyk sungatynyň täze ugurlary
Robototehnika bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy
Milli sazly drama teatrynyň sungat işgärleri baýramçylyk konserti bilen çykyş etdiler