Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe bagyşlan sergi guraldy

Şekillendiriş sungaty muzeýinde ýurt Garaşsyzlygynyň 27 ýyllygyna bagyşlanyp türkmen nakgaşlarynyň işleriniň sergisi guraldy.Men sergi bilen tanyşlygy Laçyn Baýlyýewanyň 2017-nji ýylda döreden “Welosipedçiler” işinden başladym.Nakgaş suratynda paýtagtymyzyň Olimpoýa şäherçesiniň daşyndan aýlanýan ýoldan uly tizlikde barýan welosipedçiler toparyny şekillendiripdir.

Tomaşaçylar el çarpyşyp, olary şowhunly goldaýarlar. Ýaryşyň dartgynlylygy we türgenleriň ýeňşe ymtylyşy, Köpetdagyň ýaşyl baýyrlarynyň şahyrana gözelligi bilen sazlaşyp gidýän döwrebap binalar we tekiz ýoluň ýalpyldysy ýurduň ösüşini hem-de onuň özboluşlulygyny aňladýar.

Türkmen nakgaşlary dogduk diýary wasp edenlerinde köplenç Köpetdagyň etekleriniň gözelligini şekillendirýärler. Şonda-da Walentin Kudrýaşowyň çeken dag manzarlary ýaly üýtgeşik eser döredene duşmarsyň. Žiwopisçi tebigat gözelligine özüçe garap, daglary bir görseň açyk ýaşyl, bir-de narynç şekillendirip, diňe bir reňkleri öz isleýşine görä üýtgetmän, eýsem gaýalary hem özüçe çekip, tomaşaçylary fentezi estetikasyna atarýar.

Walentin Kudrýaşowyň eserleri şeýle bir saýry welin, ol sergide goýlan beýleki suratlardan saýlanyp dur. Tomaşaçylar nakgaşyň aýtjak bolýan pikirini aňjak bolup, onuň suratlarynyň ýanynda köp saklanýarlar, işleriň detallaryna içgin syn edýärler.

Stanislaw Babikowyň “Erik ýygylyşy” suraty türkmen topragynyň şahawaty barada gürrüň berýär. Oglanjyklar agajyň ýaýbaň şahalaryna çykyp, bişen datly miweleri aşakda gyzlaryň saklap duran örtgüsine oklaýarlar. Suratda dürli reňkleriň köplügi žiwopis muşdaklaryna onuň Babikowlaryň kiçisine degişlidigini görkezýär.

Türkmenistanyň halk nakgaşy Ýewgeniýa Adamowa suratyna “Baýrama!” diýlip at goýupdyr, onda gelşikli milli eşikli zenanlar şekillendirilipdir.Suratda owadan, doga mertebeli zenanlar saçak doly tagam alyp, baýrama barýarlar. Ýewgeniýa Adamowa döredijiliginde türkmen zenanyny aýratyn mähir bilen wasp edýär.

Onuň gahrymanlary “Nätseňizem okajak!” suratynda bilim almaga hukugyny gorasa, “Birinji sentýabr” işinde çagalaryny birinhji synpa ugradýar, “Sagymçylar” işinde sygyr ýatakda säher-saba bilen işe başlaýarlar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gaznasyndaky eserlerden M. Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky D.Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde guralan sergi
Nowruz geldi, bu bagtyýar ilime atly baýramçylyk sergisi
“Diýarym asudaýurdum parahat” atly sergi
Aşgabatdaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde 2022-nji ýylyň şygaryna bagyşlanan sergi geçirildi
Türkmen restawratorlary nakgaşlaryň işlerini dikeltdiler
Çeperçilik sungaty muzeýiniň Nowruza bagyşlanan sergisi tomaşaçylarda baýramçylyk ruhuny oýarýar