Şekillendiriş sungaty muzeýinde mekdep temasyna bagyşlanan eserleriň sergisi gurnaldy

Şekillendiriş sungaty muzeýinde täze okuw ýylynyň başlanmagyna gabatlanyp sergi gurnaldy. Bu sergä syn edeniňde, ondaky eserleriň temasynyň mekdep ýyllarynyň ýatlamasy we gahrymanlaryň dürli häsiýetleri bilen açylýandygyna göz ýetirýärsiň. Okuw esbaplarydyr kitap-depderlerini alyp, elleri gül çemenli, bezemen geýnen çagajyklary göreniňde çagalyk döwrüňe gaýdyp gelen ýaly duýgulara berilýärsiň.

Sergi Iwan Ilýiniň “Täze mekdep” suraty bilen açylýar. Köp penjireli, höwes blen ak gunduz kimin agardylan mekdep çar ýandan ilkinji sapaga howlugýan oba çagalaryny mähir bilen bilimler ummanyna çagyrýar. Mekdebiň öňündäki giden meýdan, depesi asmana ymtylýan uzyn derekler, bol nurly surat belent duýgular, çagalaryň geljekki durmuşyny kesgitlejek bilim alýan ýerine hormat duýgusyny döredýär.

Bu surat Hally Annaçaryýewiň “Obam” atly eserine kybapdaş. Nakgaş onda öz obasyny şekillendiripdir. Depesinden çekilen suratda köçeleriň we jaýlaryň birnäçesi göze ilýär, olardan esasysy mekdebiň iki gat jaýy. Alysdaky obalardan köneje awtobusda gelen çagalar toparlanşyp sapaga barýarlar.

Nakgaşyň suratynda mekdebiň iki jaýy we sport meýdançaly howlusy görünýär. Ol muny 1980-nji ýylda çekipdir, şol döwür şeýle mekdep, belki, nusga alarlyk okuw jaýy bolan bolsa gerek. Häzir Türkmenistanda kompýuterli we lingafon otagly döwrebap bilim toplumlary gurulýar. Köne mekdepler bolsa, uly nesliň uçurymlarynyň hakydasynda we ýüreginde orun tutup galdy.

Ýakup Annanurowyň tanymal “Mugallyma” eseri mekdep ýyllaryny we ilkinji mugallymany küýsedýär. Suratyň gahrymanynyň gelşikli eşigi, mähirli garaýşy onuň intelligentliginden we çagalaryň dilini tapmaga ökdeliginden habar berýär.

Şamuhammet Akmuhammedowyň “Penjiräniň öňünde” atly eseriniň gahrymany ýetginjek gyzjagazyň bar ünsi kitapda. Onuň gapdalynda içi gladiolusly güldan bar, gülleriň dik baldaklary asman sary atygsaýana çalym edýär. Iri zolakly, mawy-ýaşyl reňkler bilen çekilen suratdan terlik ysy gelip dur.

Nyýazmyrat Dowodowyň “Ýörüteleşdirlen çeperçilik orta hünär mekdebinde okaýan talyp gyz” suratynda şekillendirilen küştgülli köýnekli gyz surat çekmäge şeýle bir berlipdir welin, özüniň mugallymynyň eseriniň gahrymany bolandygynam aňmaýan borly. Ýaş nakgaşyň tutuş durky-süňňi hem erjelligi bilen işine ýapyşmagy geljekde oňa žiwopisde belentliklere ýetmegine ýardam etse gerek.

2018-nji ýylda çekilen Saparmämmet Meredowyň “Täze aý” suratynyň ýaşajyk gahrymanlarynyň ikisi mekdebe taýýarlanýarlar, täze aý durmuşyň täze tapgyryny, günebakarly giden meýdan hyjuwlary we şatlygy aňladýar. Nakgaş manzara uly ähmiýet berip, adam bilen tebigaryň özara baglanşygyny nygtaýar.

Ýene degişli makalalar

Dört nakgaşyň döredijiligi: gören onuň haýrany!
Agama“ alpkluby mümkinçiligi çäkli adamlar üçin uýgunlaşdyrylan gaýa çykmak boýunça festiwal gurandy
Nakgaş Allaberdi Öwezdurdyýew gözellik döretmegiň ussady
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistan Eýrana täze ilçi belledi
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň ilkinji mejlisinde guramaçylyk meselelerine seredildi